Owganystanyň, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen foruma bu ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Iş toparynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi hökmünde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan üçtaraplaýyn görnüşde logistik işi utgaşdyrýan düzümi döretmegiň mümkinçiligine garaldy, onuň guramaçylyk-hukuk ugry ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar şu ugur boýunça ýükleri daşamak üçin nyrh syýasaty meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Onuň esasyny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga gatnaşýan ähli ýurtlar üçin deň derejedäki ykdysady we maliýe şertlerini döretmäge bolan meýiller düzmelidir.