28-nji iýunda
Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň çalt depginler bilen ösýän ýaşaýyş jaý
gaznasynyň üsti täze desga bilen ýetirildi. Lebap welaýatynyň merkeziniň üçünji
ýaşaýyş toplumynda ýene-de bir 24 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek
dabarasy boldy. Täze jaýa göçüp baranlara açarlary gowşurmak baýramçylyk
ýagdaýynda geçirildi. Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy, joşgunly
tanslar ýerine ýetirildi.
Täze binanyň
giň 3 we 4 otagly öýlerinde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredildi. Onuň
aşhanasy döwrebap enjamlaşdyryldy. Öýleriň timarlaýyş işlerinde we binanyň öň
tarapynyň bezeginde döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Täze desgany
Türkmenabadyň demirbeton gurnamalar zawodynyň gurluşykçylary bina etdiler.