milli goshun logo
Kosmonawtika güni bilen gutladylar
Kosmonawtika güni bilen gutladylar
12.04.2024 155 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siz kosmonawtikanyň taryhynda täze sahypalary açdyňyz. Biz Siziň älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek işinde ýeten derejäňize buýsanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Oleg Kononenko berk jan saglyk, geljege ynam, täze açyşlar, jogapkärli işinde uly sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.

                                                                                       ***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Siz abraýly hünäriň eýesi bolmak bilen, umumadamzat durmuşynyň has-da gowulanmagyna getirjek häzirki zaman ylmynyň ösüşine yzygiderli goşant goşýarsyňyz» diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri kosmonawta tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, bagtyýarlyk, syrly älemiň täze giňişliklerini öwrenmekde üstünlikleri arzuw etdi.