Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy maýda
Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow
bilen geçiren duşuşygynda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary
pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada
gürrüň edildi.
Söhbetdeşler
soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda, şol sanda
syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda kuwwatly ösüşe eýe
bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.