09.08.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Köpmaksatly antielektron gorag ulgamy
Köpmaksatly antielektron gorag ulgamy
08.01.2022 1999 Tehnologiýa

Uçarmansyz uçýan howa enjamlary, kiçijik öý uçarmansyz uçarlary hüjümçiler üçin netijeli ýarag bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, dronlary zyýansyzlandyrýan enjamlaryň kämilleşdirilmegine köp wagtdan bäri üns berilýär. Netijede, «Epirus Leonidas» kiçi awtoulag tirkegine meňzeýän köpmaksatly antielektron gorag ulgamy döredilip, ony islendik ýere diýen ýaly getirip we ýerleşdirip bolýar. Degişli hünärmenleriň geçiren barlaglaryna we tejribelerine görä, bu enjam howadaky 66 dronyň 66-syny hem üstünlikli öçürmegi başardy. Bu enjamyň esasy aýratynlygy uçarmansyz elektronikalary öçürmek üçin mikrotolkunlary ulanýanlygydyr we sekuntda müňlerçe gözegçilik elektromagnit şöhlelerini goýbermäge ukyplylygydyr.