milli goshun logo
Köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy
Köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy
08.03.2023 662 Habarlar

7-nji martda paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň döwlet düzümleriniň ýokary wezipelerinde işleýändikleri, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýandyklary nygtaldy. Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda her bir maşgalanyň abadançylygy hem-de çagalary terbiýeläp ýetişdirmek üçin döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zenanlarymyzyň 300-e golaýy «Ene mähri»  diýen hormatly ada mynasyp boldy. Bu at tapawutlandyryşyň beýik nyşanydyr, eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň hem-de Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.