«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň 27-nji
ýanwary güni agşamaralar, sagadyň dili sekiziň golaýlap gelýänligini habar
berýän wagtlary elime jaň geldi.
–
Alo-o...
–
Salam,
Aşyrmät özüňmi?
–
Hawa,
Saragt aga, özüňize salawmaleýkim.
–
Waleýkimessalam.
–
Bir zat
aýdaýjakdym.
–
Bilýän
öýdýän.
–
Onda aýtmaýynammy?!
–
Aýdaýsam
diýip jaň edeniňe görä, aýdaýsana, halypa.
–
Aýyň
otuzyna sergim açylýar.
Şol habaryň yzyna düşüp, 30-njy ýanwarda
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Çepeçilik sergiler müdirligi we
şekillendiriş sungatynyň sergi merkezine, kärdeşimiz, «Milli goşun» žurnalynyň işgäri,
akwarelçi suratkeş we suratçy Parahat Atalykow bilen halypa heýkeltaraş Saragt
Babaýewiň sergisiniň açylyş dabarasyndanam bir sagat töweregi ir bardyk. Saragt
agany gutladyk. Parahat: «Heniz adamlar üýşmänkä, suratlaryny bir düşüreýin»
diýip iki gatly sergi merkezine siňip gitdi.
Sergä-de aýlandyk. Gadym ertekileň gahrymanlary ýaly,
size sowgadam alyp gaýtdyk, halka hödürlejek sowgatlarymyza alabaýam azar
bermedi. Şeýdip bize heýkelleriň dünýäsine täzeden syýahat etmek mümkinçiligi
döredi. Täzeden diýmegimiň öz sebäbi bar. Saragt Babaýewiň ussahanasyna käwagt-käwagt
barybermäm bar. Barybermämiň esasy sebäpleriniň biri ylhamlanmak. Döredijilik
adamlarynda şeýle bir ahwal bolýar. Şonda ol öz ylham gorunyň üstüni
doldurmalydygyny duýýar. Ýöne nädip, nireden?! Bu gysgadan gelen düýpli sowalyň
jogaby köpdürli. Şonuň üçinem men halypa heýkeltaraşyň uzak ýyllaryň dowamynda
yzygider çekilen irginsiz zähmetiň miweleriniň ençemesi bilenem tanyş.
Bagtyýarlyk döwri kämillikleriň döwri. Döretmegiň,
ösmegiň, kämilleşmegiň döwri. Hormatly Prezidentimiziň şu ýyly «Türkmenistan –
rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmagynyň özeninde hem kämilliklere bolan uly
badalga bar. Gürrüň hakykatdan hem goşa kämillik dogrusynda. Olaryň biri kämil
sungatdyr. Beýlekisi, şol sungaty dörediji kämil zehindir. Eýýäm söhbetdeşligiň
bezeg işlerindäki şekilleri synlamaga ýetişen okyjy onuň Saragt Babaýew
dogrusyndadygyny hiç kimden soraman biler. Çünki ol köpleriň tanaýan kämil
heýkeltaraşy. Ýaňy-ýakynda döredijilik sergisi açylan halypa heýkeltaraş
baradaky makalalardyr söhbetdeşlikleriň hersiniň öz dünýäsi bar. Döredijilik
sergisinde adamlaryň köplügi hem bu iki kämilligiň muşdaklarynyň subutnamasydy.
Serginiň açylyş pursady golaýlaýardy. Her kim Saragt Babaýew bilen sataşjak,
salamlaşjak, gutlajak. Maňa serginiň açylyş dabarasy başlanýança köpçüligiň
içinde öz-özüm bilen ikiçäk galmaga mümkinçilik döredi. Ýatlamalar meni uzak
bolmadyk geçmişe sary alyp gitdi.
... Magtymguly şahyryň şygyrlary türkmeniň ruhy
dünýäsiniň şöhlelenmesidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen
Magtymguly Pyragynyň mertebesi dünýä doldy. Paýhasdan ýugrumy ýetik goşgulary
dünýäniň 30-dan gowrak diline terjime edildi. Şahyryň hormatyna onuň dogduk
obasynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy bolmalydy.
ÇAKYLYK
Adamyň töwereginde bolup geçýän hadysalaryň,
wakalaryň hemmesi, göräýmäge, adaty. Emma hemmesiniň kabul edilişi birmeňzeş
däl. Bu çakylyk hem göräýmäge juda adaty wakalaryň birinde «Adalat» gazetiniň
nobatdaky sanynyň çapa taýýarlyk pursatlary tamamlanyberen wagtynda, maňa ertir
irden Magtymguly Pyragy muzeýiniň açylyşyna gatnaşmaga gitmek üçin Medeniýet
ministrligine barmalydygymy habar berdiler. Şeýle habary eşiden her adamyň
begenjekdigi öz-özünden düşnükli. Emma meniň üçin bu habar has-da buýsançly
bolupdy. Onuňam özboluşly sebäbi bardy. Döredijilik dünýäsine baglanan
ykbalymda Magtymgulynyň mertebesine bolan hormatyň netijesinde maşgalamyza
şatlyk getiren 4 gyzdan soň 2007-nji ýylda ýüzüm düşen birinji ogul perzendimiň
ady Magtymguly bolupdy. 2015-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Magtymguly Pyragynyň
dogduk obasynda geçiriljek toý dabaralaryna meni irden oglum, Aşgabat şäheriniň
75-nji orta mekdebiniň şol wagtda üçünji synp (häzir ol altynjy synp) okuwçysy Magtymguly
ýola saldy. «Myhman bolanlara gujagyny geren daglaryň» sebitinden gaýdyp
gelenimde-de, Magtymguly garşy aldy. Onsoň bu dabaralaryň kalbyma näderejede
buýsanç bolup dolandygyny çaklamagy okyjylaryň özlerine goýaýyn.
HEÝKELE ÖWRÜLEN
HORMATLYLARYŇ HUZURYNDA
Ynsan ömri wagt diýlen düşünje bilen aýrylmaz
bagly. Wagt ölçegleri adyl. Onuň öz ýoly bar. Adam öz tebigatyna mahsus bolan
paýhas başarnygynyň netijesinde wagt bilen gatnaşygynyň käbir taraplaryny
açmagy başardy. Käbir taraplary bolsa adamzat nesliniň tagallasy bilen indi
açylmaly. Wagt pelsepesi ynsan üçin ýaşaýyş pelsepesidir.
Ynha,
ykbal bu gün maňa türkmeniň şahyr ogly Magtymguly Pyragynyň dogduk diýarynda
onuň hormatyna bina edilen — ýazzy maňlaýynda «Magtymguly Pyragy muzeýi» diýlip
altyn harplar bilen ýazylan binanyň we onuň ruhy mejlisinde jemlenen, şahyryň
hut öz kemala getiren edebiýat mekdebiniň sapagyny özleşdiren, öz ýoluny dowam
etdiren şägirtleriniň — nusgawy edebiýatyň wekilleriniň özüne seredip duran
heýkelleriniň öňünde ylhamlanmagyň gaýybana sapagyny berýän perişdesypat
heýkeli oturdylan binanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagtynyň buýsanjyny
peşgeş berdi. Müň şükür. Dünýäde sözüň güýji hakynda oňa göz ýetiren söz
ussatlarynyň aýdanlaryny kellämde jemlejek bolýaryn. Emma ol başartjakmy näme?!
Ol ussatlar dünýäniň dürli künjeginde bolupdyr. Olar bar, olar bolar. Emma hut
şu pille meniň hakydamda Magtymguly şahyryň «Her mejlisde, söhbetde şat eýläň
biz garyby, eý, ýaranlar, ýat ediň haýr-u dogada bizni» diýen setirleri bilen
Gurbannazar Ezizowyň «Meň bahamy kesgitlejek zaman bar» diýen setirleri düşýär.
Neneň ýadyňa düşmesin. Tutuş bir halkyň kalbyny, ruhy dünýäsini şygra
siňdirmegi başaran hem bolsa: «Derdim köpdir diýarymdan, döwrümden, haýyr
kaýsy, yhsan kaýsy, bilinmez», «Hor galmasyn puştdan-puştum, Berkarar döwlet
islärin» diýen şahyryň dogduk diýarynda meşhur şygyrlarynda nygtaýşy ýaly, «Bir
supranyň başynda jem bolduk».
Ol ajaýyp künjekde taryhy açyşlary,
hormatyny siňdiren heýkellerini oturtmagyň jogapkärçiligi bilen baran halypa
heýkeltaraş Saragt Babaýew birnäçe gün bäri işleýän eken. Şeýdip, göwni açyk,
ýüzi açyk elem açyk halypa heýkeltaraşyň
taýýarlap goýan suprasynyň daşyna jemlenen galamdaşlar bilen, ykbaldaşlar
bilen, gyzyldan gymmatly paýhaslary dünýä derejesinde gaty ýokary baha berilýän
pähimdar hakynda gürrüň edildi. Ol saçagyň başyndaky halypalardan Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň alym-kätibi Täçmämmet Jürdekow sözüni şeýle
başlady: «Ynha, pähim paýhasly şygyrlary bilen tutuş halky bir toprakdan
pytratman saklamagy başaran Magtymguly Pyragy bu gün ýene bizi bir supranyň
başyna jemledi». «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Orazguly Annaýewdir bölüm
müdiri Döwletgeldi Annamyradowyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Orazdurdy
Atahanowyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri
bölüminiň başlygy Akmyrat Rejebowyň sözleri türkmen ruhuny äleme şygyr dilinde
ýaýmagyň nusgawy ussadynyň şanyna we onuň mertebesini dünýäniň dürli künjeginde
dabaralandyran, 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan eden, milli
Liderimiziň hormaty hakynda boldy. Türkmen halkynyň nusgawy söz ussadynyň bu
bagtyýarlyk eýýamyndaky şägirtleriniň öz halypalary hakyndaky biri-biriniňkiden
çeper, çuňňur mazmunly söhbedini dünýäsi bilen diňläp oturan çal saçly agajetli
heýkeltaraşy gürrüňe goşulmaga çagyrdyk. Onuň sözi sadadan gelen gysga boldy: «Men
siziň ýaly wasp etmegi başararyn öýdemok. Ýöne Magtymguly halypa hakynda siziň
aýdanlaryňyzy menem öz başarşymça, öz hünärim arkaly dabaralandyrmaga
çalyşýaryn. Şahyryň waspy meniň heýkellerimdedir». Bu ýürek sözüdi.
Çünki Magtymguly halypanyň heýkellerini
diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem daşary ýurtlarda hem (Russiýa
Federasiýasynyň Stawropol şäherinde we Astrahan oblastynda hem-de Türkiýäniň
paýtagtyndaky «Türkmenistan» seýilgähinde) oturtmak wezipesi ynanylan Türkmenistanyň
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik
mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky
halkara baýragynyň eýesi Saragt Babaýewiň heýkele öwren hormatynyň derejesini
islän wagtyň baryp synlabermeli.
RUHY MERKEZIŇ TÄSIRI
Türkmen halkynyň erkinlige bolan islegi
düýp pederi Oguz hanyň döwründe-de, Gorkut atanyň waspyny eýlän zamanasy –
Hanlar hany Baýyndyr hanyň döwründe-de, çardagly Çandybili bilen äleme meşhur
bolan Görogly begiň döwründe-de dabaralanýardy. Emma halky dolandyrmagyň,
oturymly ýerleri goramagyň edara edilen döwletiniň ýok döwründe türkmen öz
bitewüligini Magtymguly ýaly hakdan içen ajaýyp şahyryň şygyrlarynyň, Şükür
ýaly ajaýyp sazandalaryň mukamlarynyň süňňüne eýlenen paýhaslaryny ýörelge
edinmek bilen öz bitewüligini elden bermedi diýip arkaýyn aýdyp bileris.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna
salgylanan islendik adam ondan türkmeniň baý ruhy dünýäsine mahsus bolan
ýörelgeleri tapyp bilipdir. Goý, ol salgylanýan adam mertlik bilen namartlygyň
aratapawudyny gözleýän bolsun, goý, ol durmuşyň iň zerur hem-de ýönekeý
meselesi bolan är-aýal gatnaşyklaryna ýa-da aýdaly dostluk, agzybirlik,
wepalylyk, biwepalylyk, myhmansöýerlik, baýlyk-garyplyk, sahylyk-gysgançlyk,
ylymlylyk-nadanlyk, aý, garaz, sanasaň sogaby bar meseleleriň islendigini
agtarýan bolaýsyn, hökman öz pikirine delil we tutaryk tapyp biler. Diýmek,
Magtymguly döwrüniň ýörelge mekdebini şygyr dilinde beýan etmegi başaran
türkmen akyldary. Milli ýörelgeleri şygyr dilinde ýaňlandyran hukukçy akyldary.
Bu günki gün halkymyzy Magtymgulynyň «Berkarar döwlet islärin» diýen
zamanasynyň – Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň eýesi eden Gahryman
Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli
künjegi il-ýurt bähbitli binalaryň gurluşyk meýdanyna öwrüldi.
2015-nji ýylyň maýynda gol çeken muzeý
toplumyny döretmek hakynda Kararyna laýyklykda gurlan muzeýiň töweregine
magtymguly Pyragynyň hem-de onuň nusgawy şygryýetini dowam etdiriji,
döredijilik mekdebini özleşdiriji şahyrlaryň heýkelleri aýratyn görk hem möhüm
ähmiýet berýärdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: «Goý, bu muzeý hem-de
medeni ýadygärlikler toplumy halkymyz üçin türkmeniň baý medeni mirasyny, beýik
Magtymguly Pyragynyň gaýtalanmajak şygyrlaryny wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli
ruhy kämilligiň nusgasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boljak ruhy merkeze
öwrülsin».
Hakykatdan hem, üns berseň bu hut şeýle.
Muzeýiň binasynyň öňündäki heýkeller özboluşly şahyrana yzygiderlilikde
ýerleşdirilipdir. Magtymgulynyň heýkeli onuň şahyrana mekdebini dowam eden
şahyrlaryň — Magrupynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Annagylyç
Mätäjiniň,galamdaş we ylhamdaş dostlar Zelili bilen Seýdiniň heýkeliniň
özboluşly ruhy merkezi bolup durýar. Uzaklardan synlasaň: «Adamzat ýagşydyr
gulman periden» diýen setirleri miras galdyran Magtymgulynyň Hak Hudaýa
perişdelerden hem ýakyn saýylýan adamyň göwün guşuny ganatlandyrýan ylham
heserini duýmazlyk mümkin hem däl. Golaýa gelseň welin, gursagynda tutuş
milletiň aladasyny göterýän pähimdaryň gözlerindäki paýhas asuda Hazaryň
gözýetimi ýaly giden bir umman. Onuň gözýetiminiň sag we çep tarapyny
şägirtleriniň heýkelleri gurşap dur. Olar hakyndaky hyýallaryňy ylham
mümkinçiligiňe görä näçe giňeltseň giňeldibermeli.
GARAŞYLÝAN PURSAT
Garaşylýan
ähmiýetli işleriň ýa wakalaryň ilkinji sekuntlarynda aýdylmaga endik edinilen
jümle bilen beýan etsek: «Garaşylýan pursat gelip ýetdi». Serginiň açylyş
dabarasy diýseň şüweleňli we gyzykly boldy.
Aslynda-ha
iň gyzyklysy sergi zalyndaky eksponatlardy. Onda nesilbaşymyz Oguz handan
başlap, halkymyzyň mertebesini dünýä ýaýmakda ähmiýetli orny bolan tanymal
şahsyýetlerden başlap, mundan birnäçe ýyl öň sergilerine gatnaşyp ýa
ussahanasynda heýkellerini synlan adamlara çenli Saragt Babaýewiň
zehin-yhlasyna eýlenip, heýkele höwrügen ykbalyny wasp edýärdi.
Häzirki
döwürde bar bolan islendik zadyň taryhy köki, asyl gelip çykyşy, başlangyçlary
bar. Ýöne olaryň köpüsiniň gözbaşyna barýan ýol taryhyň gatlaryna ýa heňňamyň
hakydalaryna siňýärdi. Emma aňyrsyny inkäre bermeýän iki gudrat bar. Olaryň
biri-hä heýkel, beýlekisem owaz, ýagny saz. Dini ynançlaryň aglabasynda
Allatagalanyň adam atanyň keşbini ýedi ýerden toprak alyp ýasandygy hem-de
janyň (ruhuň) onuň içine giresi gelmedik wagtynda ýaňlandyryp goýberen
meýmirediji owazy – sazy hakyndaky rowaýat bardyr. «Palçykdan adama jan berjek
ýigit» diýlen şahyrana meňzetmeleriň çalt rowaçlanýandygy ýöne ýere däldir.
Esasy, gürrüňden uzaklaşmaly. Arasynda wagt tapyp Saragt aganyň ýanyna bardym.
Sergide goýlan eserler barada käbir zatlary bilesimiň gelýändigini aýtdym
welin, degişmä saldy-da, «Aşyrmät, şony özümiňem bilesim gelýär. Serginiň hem
baş maksady şol. Ony tomaşa edýän synçylardan soramaly bu gün. Häzir welin oňa
meniň elim degmez, myhmanlaryň göwnüni galdyrmajak, hemmesine-de ýetişjek
bolýan. Birki günden aýlanaýsan-a» diýdi.
«Dogrudan
hem meniňki telegräk eken-ow» diýdim-de, sergä aýlandym. Adam mähellesi
şeýlebir köpdi welin, Saragt aga bilen gelenleriň salamlaşmaga, gaýdýanlaryňam
hoşlaşmaga bolan mümkinçiligi barha azalýardy. Hoşlaşman gaýtdym. Çünki her kim
bu sergiden özboluşly lezzet alýardy. Sergiden bileje tirkeşip çykan hem
bolsalar, galan ondan alan täsirlerini bir-birine joşup gürrüň berýärler. Alan
täsirlerini ýanyndakylar bilen paýlaşýarlar. Men welin bu täsirleriň köptaraply
öwüşginlerini gazetimiziň okyjylary bilen paýlaşmagy maksat edinenim üçin
açylyşdan birki gün geçensoň, heýkeltaraşyň huzuryna täzeden bardym. Heýkellerden
alan şeýtellerimi siziň bilen paýlaşmagy dogry bildim. Niýetläp baran
sowallarymy orta okladym.
–
Saragt aga, sizi ýakyndan tanaýanlygymy
bilen ildeşlerimiziň arasynda siziň adyňyzyň hem familiýaňyzyň halkymyzyň
geçmişindäki meşhur Sarahs baba bilen nähili baglanşygynyň bardygyny
soraýarlar. Men olaryň sowallaryny jogapsyz goýýanyma müýnürgeýän. Hakykatdan
hem siziň bu sowala jogabyňyz nähili?
–
Gönümel.
Ondan dini esasly baglanyşyk gözlemeli däl. Ol durmuşy baglanyşygyň miwesi.
Meniň dünýä inmegimiň öňüsyrasyndaky ýylda ata-babalarymyzyň ýaşaýan ýerleriniň
Babadaýhan etrabynyň töwereklerinde öri meýdanlarynda gurakçylyk bilen bagly
kynçylyklar ýüze çykypdyr. Maldarçylyk bilen güzeran dolaýan adamlaryň Wasa göçmegini
öňe sürýän tekliplerem öňe sürlüpdir. Emma ahyrsoňunda her ýyl gurakçylyk bolup
durmaz, şonuň üçin şu töwereklerden öri meýdanlaryny gözlemegi öňe sürýänleriň
teklibi ýer alyp, Sarahsa göçüpdirler. Men Sarahs galasyndan 200-300 metr
çemesi aralykdaky menzilde dünýä inipdirin. Şonuň üçin hem adyma Saragt
goýupdyrlar. Babaýew bolsa biziň familiýamyz.
–
Şekillendiriş dünýäsine, sungata, has
takygy, heýkeltaraşlyga ilkinji imrinmeleriň özüňizde döräp ugrandygyny haçan
we nähili aňdyňyz?
–
Dördünji
– bäşinji synplarda wagtym. Ol hem öz özünden döräbermedi. Aslynda biziň
maşgalamyz sungat dünýäsinden üzňe bolmandyr. Doganoglan agam suratkeşdi. Oňa
Ata Daşşyýew diýýärler. Daýym Gurban Rejebow suratkeşdi. Meniň sungata
imrinmegimiň özeninde şolaryň zähmetiniň täsiri bar hasaplaýaryn. Magtymguly
Pyragy hem diýýär-ä: «haýsy ýana agsa yşgyň-höwesiň, ýatsaň-tursaň hyýalyňdan
gitmez hiç» diýip. Şol imrinmeleriň yzyna düşübem, ahyrsoňunda şu sergini
gurama mümkinçilik tapdyk»
–
Adamyň güllere seretse göwni açylýar,
daglara seretse howalasy beýgelýär. Sungaty döredijiniň öz eserine siňdirýän
ruhy barada oýlanyp gördüňizmi?
–
Men o
barada hemişe oýlanýaryn. Netijesini bolsa, döredijiligimden gözlemeli. Men
şunuň bilen bagly ýene bir hakykaty nygtamak isleýärin. Umuman, sungat eseri
ony döredijiniň özünden gaty bir uzak düşmeýär. Şonuň üçin, ilki bilen, öz ruhy
derejäňi hemişe sagdyn saklamaly. Bu sowal düýpli gürrüňi, giňişleýin gürrüňi
talap edýär. Seniň zehiniňi siňdirip, yhlasyňa eýlän eseriňi synlaýanlaryň her
birisi hem şol eserden öz ruhuna meňzeşlik gözleýär. Diýmek, gysgaça
aýdylanynda, sen öz döredýän eseriňi synlaýanlaryň ruhuna golaýlaşdyrmak üçin
özüň şolara golaý bolmaly. Ýene-de bir aýtmaly zat bar. Halkymyzyň: «Gan bilen
giren jan bilen çykar» diýen parasatly sözi bar. Nesilbaşymyz Oguzhandan
arkama-arka, nesilme nesil dowamat dowam bolup gelýän häsiýetler bar. Olar Oguz
handa-da bar, Çagry begde-de, Togrul begde-de, Alp arslanda-da, Jelaleddinde-de
bar. Türkmen şol häsiýeti bilen dünýäde tanaldy ahyryn. Ine, millilik, halkylyk diýilýän düşünjäniň
özeni şunda-da, Aşyrmät.
–
Men siziň ussahanaňyzda ençeme gezek
boldum. Galam ýöretmek yhlasymyň peselip, ylham gorumyň üstüni ýetirmek islegim
güýjände men suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň huzuryna barmagy halaýaryn. Sizde
şeýle ahwalatlar bolýarmy?
–
Hawa
bolýar. Ýöne mende ol başgaçarak ýagdaýda ýüze çykýar. Siz meniň ussahanamyza
baryp gördüňiz-ä. Menden belli bir döwürde
ýaşajyk suratkeşleriň, bu ugurdan bilim alýan talyplaryň hünär
derejesine hemaýat etmegi haýyş etdiler. Ana, şonda men 15 ýyl töweregi olara
galam bilen surat çekmegiň syrlaryndan gurnak sapagyny geçdim. Olary ösdürmegiň
ählitaraplaýyn mümkinçiliklerini agtardym. Şonuň üçin hem ussahanama
döredijilik dünýäsiniň dürli ulgamlaryndan wekilleri çagyryp, ýaşajyk
şägirtlerim bilen döredijilik duşuşygyny gurnaýardy. Şol gurnaga gatnan
talyplaryň käbiri eýýäm atly suratkeşler hökmünde tanalýar. Şol duşuşyga
çagyrylan artistler, bagşylar, ýazyjy-şahyrlar hem meşhur halypalara
öwrüldiler. Şonuň üçin hem meniň ussahanamyň özi bir tarapdan döredijilik
duşuşyklaryň mesgenine öwrüldi.
–
Beýleki halklaryň heýkeltaraşlary bilen
işleşmek nesip etdimi?
–
Hawa,
her döwür bir döwür diýleni. Biziň ýaşlyk döwrümizde öz ugruňdan kämilleşmek
üçin Moskwa, Ýurmala yzygiderli diýen ýaly gitmeli bolýardy. Moskwa 10-15
günlük möhlet bilen gidýärdim. Synpdaşym Mihaýil Dronowyň ussahanasyna barýanam
welin, dünýäm täzelenäýýär. Birki gün-ä gyzykly. Ol özboluşly zehin. Birhili
dörtburçlyja heýkeljik ýasap, towşanyň gulajygy ýaly gulak çykarýar welin gowy
esere öwrüläýýär. Birki günden soň meniň pikirim üýtgeýärdi. «Bul-a ynha,
ussahanasynda gybyrdap işläp ýör. Sen welin näçe gün bäri işläňok». Şo pikir
döredigi derrew ýol petegimi çalşardym-da, Aşgabada tarap uçardym. Gelşime-de
öýe barmazdan ilki ussahanama gelerdim.
–
Siziň döreden portret heýkelleriňiziň
aglabasy serkerdeler, şahyrlar, hökümdarlar diýsem hakykatdan daş düşmesem
gerek?! Siz olaryň ruhy howalasyny döretmekde meňzeşlikleriň döremeginden
kynçylyk çeken pursatlaryňyz boldumy?
–
Ýok. Bu hakda ýaňyrak gysgaça agzapdyk öýdýän. Olaryň
hemmesiniň ruhy dünýäsi meňzeş. Onsoňam lukmanlaryň haýsy derde sataşyp gelenligine
seretmezden, köplenç ýüregiň sagdynlygyny ilki anyklamaklarynyň düýp sebäbi – ýüregiň
synanyň ýaşaýşyny kesgitleýändigi bilen bagly. Halkymyzyň bäş müň ýyldanam
aňyrlara uzaýan taryhy ýolunda öz milliligini ýitirmän saklanyp gelmeginde şalaryň,
soltanlaryň, serkerdeleriň ähmiýetli orny, edil synadaky ýüregiň orny ýalydyr. Olaryň
häsiýetleri we ruhy howalasy bir
kökdendir. Ýöne bu olaryň keşpleriniň bir galypdygyny aňlatmaýar. Boýlarynyň
deňdigini aňlatmaýar. Belli bir döwürde şahyrlaryň haýsydyr bir nokada seredip,
çuňňur oýa batýan suratlaryny synlan tanyşlarymyň biri: «Hemmesi şeýdip bir
meňzeş halda oýlanýanam däldir-le» diýip, degişme bilen aýdan çyny ýadymda.
Diňe bir zehin däl, beýleki zehinleri gaýtalamakdan hem gaça durjak bolmaly. Ol
meňzeşleşmek, öz aýratynlygyňy tapmakdan we ykrar etdirmekden daşlaşdyrýar. Beýle
kynçylygyň döremegine ýol bermeli däl. Dörediji adam hemişe gözlegde bolmaly. Onsoňam,
sungat, edebiýat, medeniýet adamlary ýaly menem adamlaryň arasynda ýaşaýan. Işleşýänim
adamlar. Adamlar bilen ýygnaklara, toýlara, dabaralara, märekelere gatnaşýas.
Şonda men olary köp synlaýan. Emma şol adamlaryň aglabasynda bar bolan meňzeşliklerem
bolýar. Ol durmuşda-da şeýle. Bizi millet hökmünde birleşdirýän umumylyklar
bolsa sungatda hökman dabaralanmalydyr.
–
Zehin hakynda näme aýdyp biljek?
–
Zehinsiz
adam ýok. Emma öz zehini tapmaýan, tapsa-da ýüze çykaryp bilmeýän adamlar welin
juda kän. Onuň hem dürlüçe sebäpleri bar. Iň esasy sebäbi yzygiderli we
tutanýerli işlemek başarnygyna ähmiýet berilmezligi. Märekäniň arasynda
ökdedirin men diýýänlerdenem ökde adamlaryň bardygyny ýadyňdan çykarmasaň,
tutanýerli işlemäge esas bolýar. Mümkinçilikleri deň adamlaryň birnäçesine deň
derejede tabşyrylan ýumşy hemmesi bir wagtda tamamlamaýar. Hil derejesi
babatda-da şeýle. Olaryň netijesi bolsa şol işleri ýerine ýetirýän adamlaryň
hut öz jogapkärçiligine, tutanýerliligine, yhlasyna bagly.
–
Heýkeliň beýleki eserlerden artykmaçlygy.
–
Kän.
Sungatda her žanryň özboluşlylygy bar. Bu olaryň biriniň beýlekiden artykdygyny
ýa kemdigini aňlatmaýar. Heýkeller nakgaşçylygyň eserlerindäki ýaly reňklemäge
degişli däl. Ýöne heýkelleriň daşyndan aýlanyp, görmek mümkinçiligi ony
ýasaýandan ýiti synçylygy talap edýär.
–
Hakykatdan hem. Jelaleddiniň at üstündäki
heýkelini synlanymda gowy duýulýar. Onuň söweş wagtlarynda gözsüz batyrlyk
bilen edýän hereketleri, atynyň üstünde bir aýagynyň dyzyny beýleki aýagynyň
hem baldyryny goýup, deňagramlylygyny saklap, söweşýän pursady edil janly
adamyň hereketini aňladýar. Saragt aga, şeýle heýkelleriň ýene birisi
dogrusynda soramagy maksat edinipdim, ýanyňyza gaýdanymda.
–
Aýdyber.
Haýsy eser seniň ünsüňi çekdi?!
–
Döwletgeldi Ökdirew bilen Allaýar
Çüriýewiň heýkeli.
–
Ol biziň
ýaşaýan döwrümizde döreýän rowaýatyň beýany. «Deňiz guşy» diýen aýdymyň döreýşi
bilen bagly rowaýatyň ençeme nusgasy ýaşaýar, halkyň arasynda. Ýöne men
rowaýatyň şu nusgasyny ilkinji gezek eşidenimde, ynanmarsyň, Aşyrmät,
endamymda, aýratynam ellerimiň arkalarynda garynja ýörän ýaly güýçli jümşüldi
döredi. Öz ýanymdan «Men hökman şu rowaýaty heýkele öwürmeli» diýdim. Meniň
üçin onuň hakyky gelip-çykyşyndaky jikme-jikliginden, illeriň agzyndan eşden
nusgam gyzykly göründi. Adamlar rowaýatlaşdyrmagy hem rowaýatlaşmagy
halaýarlar. Maňa gürrüň berişlerinä görä, Döwletgeldi neresse hassahanada
ýatyrka, şahyr Allaýar Çüriýew onuň halyny soramaga barypdyr. Gürleşip
otyrkalaram, açyk penjiräniň aňry ýüzünde aýnanyň öňüne deňiz guşy – çarlak
gelip gonaýmazmy. Döwletgeldem muny erbede ýorupdyr-da: «Allaýar, şu ýönelige däl
bolaýmasyn. Bir habar getiren ýaly» diýse-de diýipdir welin, yz ýanyndanam:
«Sen şuňa bir goşgy düzseň, men onuň sazyn-a dörederdim» diýipdir. Allaýar
Çüriýewem bir bendiniň ilkinji nusgasyny aýdypdyr welin, Döwletgeldem şoňa
laýyklap dutarda täze saz çalaýypdyr. Ertesem, Döwletgeldi dünýäsini täzeläpdir.
–
Saragt aga, ýene bir eseriňizi ýüregime
has ýakyn gördüm.
–
Haýsykar-aý
ol?!
–
Göçme kompazisiýaňyz.
–
O-how,
bir zat tapyberýäň-aý senem, ol haýsy heýkel?!
–
Ikibara, ýekebara duran ýaşulular bar
eken-ä, şoňa aýdýan.
–
Şon-a
özümem soň bildim, dogrusy. Iki ýaşulyny jebişleşdirip, bir heýkel ýasadym. Soň
aýry-aýrylykda-da ýasadym, ýasaşdyryp bolanymdan soňra, bir ýerde durma barmy
nä heýkellere, ussahanaň içinde. Soň olary duran ýerlerinden başga bir ýere
geçirdim welin, seň aýdyşyň, onda-da gelişip dur. Hatara dursalar sazlaşyp dur,
tegelenip dursalar, üçden-dörtden goýsaňam gelişmän duranok-how şol...
–
Saragt aga, size döredijilik dünýäsinde
rowaçlyk arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, biziň hemmämize
rowana ak ýollar garaşýar». «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyndaky ýürek
arzuwlaryňyz!
–
Hormatly
Prezidentimiz durmuşda her bir adamyň öz ornuny tapmagy üçin zerur bolan ähli
mümkinçilikleri döredip berýär. Bu barada yzygiderli aladalary edýär.
Zehin-başarnygy, zähmete yhlaslylygy bilen tapawutlanmagy başaranlaryň
hemmesini höweslendirmegi başarýar. Döretmeli, gurmaly, zähmet çekmeli. Çünki
zähmet ähli rowaçlyklaryň özenidir. Şonuň üçin hem bagtyýar ýaşamaga ähli
mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Döwrüň asudalygynyň, ösüşleriniň rowana ýollarynyň sakasynda duran milli
Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Başarnygy bilen döwletiň berkararlygyna,
döwrüň bagtyýarlygyna rowaçlyk berýän Gahryman Arkadagymyzyň, jany sag, belent
başy aman bolsun! Alla atalaryň arzuwyny amal edýän Gahryman Arkadagymyzy öz
penasynda aman saklasyn! Il-ýurt bähbitli işlerine rowaçlyk bersin! Hemişe-de
hemmelere gowulyklary arzuw edýärin. Diňe gowulyklary.
Söhbetdeşligi
taýýarlan:
Aşyrmät GARLY, «Milli goşun».