Şu gün Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň şähere amala aşyran
nobatdaky iş saparynyň çäklerinde açylmagyna ak pata beren döwrebap ýol-ulag
desgasynyň açylyş dabarasy şatlykly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň
Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmak üçin paýtagtymyzdan Türkmenbaşy
şäherine ugur alan uçarynyň Arkadag şäheriniň üstünden geçýän pursatlarynyň bu
ýerde guralýan dabara gabat gelmegi oňa gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgularyny
döretdi.
Ir säher bilen baýramçylyk lybasyna beslenen
döwrebap köpriniň ýanyna köp sanly adamlar ýygnandylar. Durky düýpli täzelenen
Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş
dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň
telekeçileri tarapyndan bina edilen bu köpriniň ikitaraplaýyn ýolunyň her
tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak bolup, onuň bölüji zolagynyň
ini 5 metre deňdir. Köpriniň her tarapynda ýanýodalar gurlupdyr, ýaşyl zolaklar
döredilipdir. Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň kesişýän ýerinde
uzynlygy 627 metr, ini bolsa 29,5 metr bolan köpriniň beýikligi 9 metre
barabardyr. Köpriniň üstünde we aşagynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün
edýän ýollar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlupdyr.
Asudalygyň aýdyň
nyşany bolan ak kepderileriň we howa şarlarynyň asmana uçurylmagy bilen,
döwrebap köpriniň toý bagy kesildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýol-ulag düzümine
degişli täze desga açyldy.
Döwrebap köpri bilen
bir hatarda, Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplary esasynda Keýmir kör
şaýoly hem guruldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli
gurluşyklaryň toplumlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Dabaranyň dowamynda
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan täze şäherde ýene bir
bagtyýar maşgalanyň dörändigini alamatlandyrýan gelnalyjy kerweni nurana
ýollara rowana boldy.
Soňra dabara
gatnaşyjylaryň hemmesi agzybirlikde nurana şaýollar bilen Arkadag şäherine
tarap ugradylar. Ýolugra medeni-köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Täze ýol-ulag desgasynyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman görkezijilere laýyk derejede guralmagy, olarda täzeçil tehnologiýalaryň we döwrebap usullaryň ulanylmagy bu künjegiň gijeki görnüşleriniň has-da gözel bolmagyny şertlendirýär.