milli goshun logo
Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi
Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi
09.12.2019 2972 Habarlar

8-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanasy ulanmaga berildi. Ol Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi.

Umumy meýdany 20 gektara barabar bolan bu ýerde pomidoryň ýokary hasylly «Huanita», «Merlis» we «Tommimaro muço» sortlaryny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Ösümlikleri goşmaça iýmitlendirmek, amatly howa ýagdaýyny döretmek işleri döwrebap kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilýär.

Gyş möwsüminde gün şöhlesiniň deňagramlylygy üçin bu ýerde ýörite lampalar oturdyldy, tozanlandyrma üçin arylar ulanylar, bu bolsa, hasyllylygy we ýyladyşhananyň düşewüntliligini artdyrmak nukdaýnazaryndan möhümdir.

Ýyladyşhana toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen ýüzlerçe iş orunlary döredildi. Şeýle hem bu ýerde naharhana, saglygy goraýyş bölümi, dynç alyş otaglary we kömekçi desgalar hem göz öňünde tutulypdyr.