Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag
şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri»
atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresiniň Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti
tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guralandygyny bellemek gerek.
Düýn bu halkara kinofestiwalyň
ýapylyş dabarasy boldy. Türkmen estradasynyň ýyldyzlary teatryň sahnasynda
ussatlyklaryny görkezip, kino baýramçylygynyň şowhunyny has-da artdyrdylar.
Olar «Arkadagyň säheri» festiwalynda görkezilen filmlerden aýdymlary ýerine
ýetirdiler.
Medeni çäräniň barşynda halkara
kinofestiwalda üstünlikli çykyş eden kino işgärlerini sylaglamak dabarasy hem
geçirilip, olara degişli diplomlar gowşuryldy. «Türkmenistan» gazetinde habar
berilmegine görä, Gazagystanyň «Gopuz», Täjigistanyň «Sary çeşme»,
Türkmenistanyň «Toý köýnek», «Umyt», «Nesibe», Özbegistanyň «Üzüm», «Meniň
arzuwym Özbegistan», Gyrgyzystanyň «Umyt», «Öz kakasynyň ogly», «Poçtaçy»
filmleri, Russiýanyň «Ahalteke» atly filmi, şeýle hem TRT teleýaýlymynyň
Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň «Bozdag» Group kompaniýasy diplomlara,
gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Soňra kinofestiwalda 3-nji orny
eýelän Gazagystanyň «Sary ömür» filminiň hem-de 2-nji orny eýelän Gyrgyzystanyň
«Gelin heýkeli» filminiň döredijilik toparlaryna baýraklar gowşuryldy. Halkara
kinofestiwalda 1-nji orny eýelän türkmenistanly režissýor Sapardurdy
Annaýewe «Kagyza ýazylan ykbal» filmi üçin Arkadag şäherindäki «Akhan»
binasynyň keşbindäki kubok dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ýeňiş türkmen medeniýetini,
sungatyny dünýä ýaýan üstünliklerimiziň biri bolup, täze taryhymyzyň şöhratly
sahypasyna şöhlelendi.
Dabara Türkmenistanyň medeniýet we
sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Meşhur türkmen aýdymçylarynyň
ýerine ýetirmeginde fransuz, türk, rus, gyrgyz, täjik, gazak, azerbaýjan we
özbek dillerinde aýdymlar ýaňlandy. «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly aýdym
aýdym medeni çäräniň aýratyn bezegi boldy. Halklarydyr milletleri ýürekdeş, dost-dogan eýledi.
Goý, türkmen topragynda – täze Arkadag
şäherinde geçirilýän şeýle halkara çäreleriň dowamaty dowam bolsun!