Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat
goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça
müdirliklerinde okuw kurslary geçirilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi
tarapyndan tassyklanylan «Raýat goranyşynyň harby bölümleriniň şahsy
düzümini, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň raýat goranyşynyň
birikmeleriniň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini, ilaty raýat goranyşyna
taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň Tertibine» laýyklykda, ýurdumyzyň
edara-kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçy hem-de hünärmen düzümleri bilen okuwlar netijeli dowam
edýär. Bu okuwlaryň esasy maksady olary adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlamak, tebigy
we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetirip
biljek zyýanlarynyň täsirini peseltmekden,
şeýle-de bu ugurda degişli çäreleri meýilleşdirmekligi ýola goýmakdan
ybaratdyr.