Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň ýokary derejede guralandygy we Gyrgyzystanyň wekiliýetine görkezen myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Japarow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň, Milli tagamlaryň halkara festiwalynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň ýokary derejede guralandygyny, kowumdaş halklaryň dostlugyny hem hoşniýetli goňşulygyny berkitmek işinde öňde goýlan maksada ýetendigini nygtady.
Gyrgyzystanyň Baştutanynyň habarynda: «Biziň Awazada gazanan ikitaraplaýyn ylalaşyklarymyzyň ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigine hem-de hyzmatdaşlygymyzyň doganlyk halklaryň rowaçlygynyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna çuňňur ynanýaryn» diýilýär.