milli goshun logo
Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde
Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde
13.06.2019 766 Habarlar

Paýtagtymyzda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara maslahat açyldy. Ylymlar gününe bagyşlanan foruma türkmen alymlary, şeýle hem dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy toparlarynyň mugallymlary we ýaş alymlary gatnaşdy.

Olaryň hatarynda Germaniýadan, Ispaniýadan, Bolgariýadan, Çehiýadan, Belarusdan, Russiýa Federasiýasyndan, Polşadan, Ukrainadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Müsürden we beýleki ýurtlardan gelen wekiller bar.

Ýurdumyzyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezi bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu maslahatyň aýdym-sazly dabaraly baýramçylyk açylyşy boldy.

Uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary tarapyndan guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň bu ajaýyp sergisi ýurdumyzyň iň ýaş okuw mekdepleriniň biri bolan bu ýerde öňe tarap üstünlikli ädimleriň ädilýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.