Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle hem hut öz adyndan El-Salwador Respublikasynyň Prezidenti Naýib
Bukelä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen El-Salwador Respublikasynyň
arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz
ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga,
deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň onuň giňeldilmegine
gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki
tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp,
Prezident Naýib Bukelä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk,
El-Salwador Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk
arzuw etdi.