milli goshun logo
Ilatyň saglygynyň bähbidine: öňüni alyş we gorag çäreleri
Ilatyň saglygynyň bähbidine: öňüni alyş we gorag çäreleri
16.07.2020 1026 Habarlar

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň howasyny barlamak boýunça geçirilen işleriň netijesinde howada tozan bölejikleriniň bardygy kesgitlenildi. Howa şertleriniň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda görülýän öňüni alyş çäreleriniň nobatdaky tapgyry geçirilýär.

Şeýlelikde, daşary ýurtlarda, ozaly bilen çäkleşýän ýurtlarda epidemiologiýa ýagdaýynyň dartgynly ýagdaýda saklanmagyny nazara almak hem-de Türkmenistanyň ilatly ýerlerinde howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, serhetýaka etraplarda we obalarda zyýansyzlandyryş işleri geçirildi.

Hususan-da, ýokanç kesellerini ýaýradyjylary ýok etmäge gönükdirilen zyýansyzlandyryş çäreler düzümi bir göterimli hlory ýa-da 0,25 göterimli natriniň gipohlorid erginini sepmek arkaly ýeňil motorly uçaryň kömegi bilen alnyp barylýar. Uçar arkaly howadan zyýansyzlandyryjy erginiň ýaýradylmagy keselleriň öňüni almak hem-de daşky gurşawda kesel dörediji maddalary ýok etmek maksady bilen uly meýdanlary sanatariýa taýdan tiz we netijeli işlemäge mümkinçilik berýär.