Şu ýylyň 29-30-njy
apreli aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy
boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän
ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş
boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Ol «Ilat we ösüş boýunça
halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün
tertibine goşýan goşandy» ady bilen guraldy. Bu çäre bilen bir hatarda, 29-njy
aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň
(ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda
ählumumy derejede «ICPD+30» Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň
çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we olara baha berildi.
Türkmen wekiliýeti
mejlisiň dowamynda ilat babatda ählumumy Hereketleriň maksatnamasynda beýan
edilen wezipeleri amala aşyrmagyň milli tejribesi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de
sebit we dünýä derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça
teklipler beýan edildi.
Türkmen tarapyndan
çykyş edenler Türkmenistanyň degişli döwürlerde BMG-niň Ilat we ösüş boýunça
komissiýasynyň agzasy bolmak bilen, ICPD-niň Hereketleriniň maksatnamasyny
milli derejede durmuşa geçirmekde uly ösüş gazanandygyny, dürli derejelerde
guralýan taýýarlyk çärelerine işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Çykyş edenler
Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtamak
bilen, 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
ähmiýetine ünsi çekdiler.