milli goshun logo
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi
28.06.2024 117 Habarlar

Düýn – 27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürmegiň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, koreý kompaniýalary türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Olar ýurdumyzyň gaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.