Düýn – 29-nji noýabrda
paýtagtymyzda iki ýurduň degişli
pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi
geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu komitetiň hytaý tarapyndan başlygy, Hytaýyň
kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik
komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din
Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
Mejlisiň dowamynda
söwda, energetika, ulag we logistika, medeniýet, bilim, ylym we ýokary
tehnologiýalar ugurlaryndaky ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge
taraplaryň özara taýýarlygy tassyklanyldy.
Hyzmatdaşlyk boýunça
türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň jemleri boýunça degişli
Teswirnama, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki
hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi.