2019-njy ýylyň aprel aýynyň 8-9-y aralygynda
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň harby gullukçylarynyň
bilimini we hünär taýýarlygyny has-da kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerinde terbiýeçilik işiniň we düzgün-nyzamyň ýagdaýyny seljermek maksady
bilen, ýörite meýilnama esasynda okuw-usulyýet ýygnanyşygy geçirildi.
Ýygnanyşyk Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde
terbiýeçilik işini mundan beýlägem kämilleşdirmeklige gönükdirildi. Şeýle hem ýygnanyşykda
döwlet ideologiýasyny wagyz-nesihat etmek, şahsy düzümi harby-watançylyk
ruhunda terbiýelemek, lebzihalal, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek we harby
düzgün nyzamy pugtalandyrmak barasynda gürrüňdeşlikler geçirildi. Mundan
başga-da Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy
geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki
goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň
raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permanyndan ugur
alyp, bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary Watan öňündäki bitiren
hyzmatlaryny göz öňüne tutup, abraý bilen maşgalalaryna gowuşmaklary üçin alada
edip, ugradyş dabaralarynyň şatlyk şowhuna beslenmegini gazanmak babatynda
tabşyryklar bellenildi. Harby gulluga çagyryşa degişli edilen ýaşlara bolsa Watany
goramakdaky konstitusion borjy hakynda ilkinji düşünjeleri berilmelidigi, Watan
mukaddesligi hakynda düşündiriş işleriniň we olar bilen wagyz-nesihat
duşuşyklarynyň talabalaýyk geçirilmelidigi dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.
Şeýle ýygnanşyklaryň ýygy-ýygydan
geçirilmeginiň maksady Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň her bir harby
bölüminde edilýän işleri seljerip, bu babatda öňegidişlikleri gazanmak bolup
durýar. Şeýlelikde, terbiýeçilik ýaly asylly, şol bir wagtyň özünde jogapkärli
kär ynanylan harby gullukçylar öz zähmet çekýän harby bölümine dolanyp, milli
goşunymyzyň terbiýeçilik işlerini, söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak bilen
bir hatarda, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzyň ösüşine hem öz
goşantlaryny goşjakdyklaryna ynanýarys.
«Milli goşun».