9-njy martda paýtagtymyzdaky
«Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy
boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa
döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilýän bu iki günlük
forumy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça
guramasy (FAO) BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň
goldaw bermeginde bilelikde guradylar.
Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň
Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş
direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili
Wladimir Rahmanin, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz
Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş
ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri
gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp
maslahatlaşmagyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamynyň we
durmuş-ykdysady şertleriň berk özara baglanyşygy bellenildi. Dünýäniň oba
hojalyk önümçiliginiň bökdençsiz işledilmegi bilen bir hatarda, azyk önümlerini
ibermegiň durnukly ulag ulgamlary azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň möhüm
şertleri hökmünde nygtaldy. Howanyň üýtgemeginiň azyk önümçiligine edýän täsiri
ikitaraplaýyn häsiýete eýedir. Howanyň gyzmagy hem-de howa şertleriniň
üýtgemegi oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde töwekgelçilikleri döredýär. Şol
bir wagtyň özünde, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini
peseltmek, hususan-da, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin oba
hojalyk önümçiligine ekologik taýdan arassa «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak
zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak
we onuň täsirlerini peseltmek ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesiniň
öwrenilmegi hem-de ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa üçin
howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkezi bu wezipäni çözmekde
netijeli gural bolup biler. Bu merkez BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça döredildi.