Düýn – 19-njy
martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmeginiň iki
ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti
geçirildi.
Oňa Mejlisiň,
Hökümetiň we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly
ýaşulular, ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bu möhüm waka üçin döredijilik sowgatlaryny
taýýarlap, myhmanlara şowhunly konsert maksatnamasyny hödürlediler.
Konsert «Arkadagly
Serdar, biz Siziň bilen!» atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Soňra
meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu buýsançly
çykyşlar ýurdumyzyň häzirki okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller
bilen utgaşdy.
Dabara gatnaşyjylar
konsertiň ajaýyp jemlenmesi bolup ýaňlanan «Arkadagly Gahryman Serdar bilen!»
atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet
syýasaty netijesinde halkymyzyň rowaçlygynyň we ýurdumyzyň mundan beýläk-de
gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler wasp edildi.