Şu gün – 25-nji oktýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iki günlük resmi
sapary başlandy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda amala
aşyrýan ilkinji resmi sapary hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýeri gelende
bellesek, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 3-nji iýunynda türk tarapynyň
çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýäniň gaýtadan saýlanan Prezidenti
hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşypdy.
Döwlet Baştutanymyzyň sapary
mynasybetli Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň
hem-de Türkiýäniň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Türkiýe Respublikasynyň energetika
we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, şeýle-de Türkmenistanyň
resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menziliniň ýokary
derejeli myhmanlary kabul ediş terminalynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi
boldy.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ertir Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde türkmen-türk gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklar tamamlanandan soňra gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalar bolsa döwletara gatnaşyklarda ozal hereket edýän ylalaşyklaryň üstüni ýetirer. Saparyň çäginde guraljak Türkmen-türk işewürlik maslahaty, öz gezeginde, işewürlik ugurly gatnaşyklary ösdürmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýolunda möhüm waka bolar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.