Düýn – 8-nji maýda günüň ikinji ýarymynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň
çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan
Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde
gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna şu
gezekki sapary häzirki döwürde täze itergi berlen we many-mazmun taýdan
baýlaşdyrylan netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmekde nobatdaky
ädimdir. Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň berk hukuk binýady ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň netijeliligini üpjün edýän esasy şert hökmünde çykyş edýär. Geçen
ýyllarda gol çekilen hökümetara resminamalara laýyklykda, milli we sebit
ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.
Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary
Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň «Wnukowo – 2» Halkara howa menzilinde
gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş
sapary dowam edýär.