Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara
onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara
pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden
bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli
ajaýyp toý sowgady boldy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Raýatlaryň
bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns
berilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň
hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp
barylýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna
laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap
bejeriş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar we derman
serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulýar, saglygy goraýyş edaralarynyň
mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär, innowasion çemeleşmeler we öňdebaryjy
tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň
saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan
üstünlikler, ýetilýän sepgitler bütin dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar. Bina
edilýän saglyk merkezleriniň halkara guramalaryň güwänamalaryna we
şahadatnamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Döwrebap
lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur tehnikalar bilen üpjün
edilen bu saglygy goraýyş edaralary keselleri anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş
işlerini amala aşyrmakda, amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik
wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Sanly lukmançylygyň, emeli aň tehnologiýalarynyň we telelukmançylygyň
ornaşdyrylmagy bolsa raýatlara hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä
standartlaryna laýyk gelmegini üpjün edýär. Bu ugurda Arkadag şäherinde
gurulýan lukmançylyk klasterini aýratyn bellemek gerek. Bu lukmançylyk klasteri
derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny işläp taýýarlamakda we bu
ugurda döwrebap bilim bermekde, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň
kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge
niýetlenendir. Bu ýerde öndürilýän saglyk maksatly serişdeler bilen ýurdumyz
doly derejede üpjün edilýär. Şonuň bilen birlikde, önümleriň belli bir bölegi
daşary ýurtlara eksporta hem ugradylýar. Bu işleriň özeninde bolsa Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek
ugrundaky aladalary durandyr.
...Ir
bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara onkologiýa
ylmy-kliniki merkeziniň öňündäki meýdança geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy
uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar
ýaýbaňlandyryldy.
Soňra
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýörite taýýarlanylan münbere barýar.
Hormatly
Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat şäherinde Saglygy
goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli häzirki zamanyň ösen
talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň,
Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş
dabaralarynyň geçirilýändigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary, ýurdumyzyň
saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy, halkymyza hyzmat
etjek döwrebap lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen
gutlady. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.
Ynsan
saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny
uzaltmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny
berkitmek barada zerur işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş kadalaryny
ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge uly ähmiýet
berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, dynç
alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup
ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz düýn Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman»
şypahanasynda goşmaça täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigini
aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk»
Döwlet maksatnamasy indi 30 ýyl bäri üstünlikli hereket edýär. Maksatnamadan
gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi halkymyzyň saglygyny berkitmegi,
keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagy üpjün edýär. Aýratyn-da, bu maksatnamanyň esasy
özeni ýüze çykan keselleri bejermek däl-de, eýsem, olaryň öňüni almakdan ybarat
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu gün açylyp ulanmaga berilýän saglygy
goraýyş maksatly binalaryň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Nygtalyşy
ýaly, täze gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi diňe bir ýurdumyzda
däl, eýsem, sebitde iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Ol 500 orundan
ybarat bolup, ilata ýokary hilli ýöriteleşdirilen onkologiýa hyzmatlaryny
bermek üçin niýetlenendir. Merkezde onkologiýa kesellerini bejermek üçin
ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümleri bar. Bu
bölümleriň ählisi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap
lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde 2 müňe golaý
adamyň zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Dürli
görnüşli bejergi işlerini geçirmäge niýetlenen alty gatdan ybarat bu halkara
merkez ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda we hassalary
döwrebap usullarda bejermekde ýurdumyzda esasy merkezleriň birine öwrüler
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz şu gün ulanmaga berilýän saglygy goraýyş
desgalarynyň ýene biriniň Stomatologiýa merkezidigini belläp, bu merkeziň
häzirki döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda gurlandygyny, bu ýerde 900-e
golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi, diş keselleriniň öňüni almak we olary
bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, döwrebap
merkezde jemi 20 bölüm bolup, onda raýatlarymyza häzirki zaman stomatologiýa
hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle hem merkeziň ýatymlaýyn
otaglarynda hassalar üçin amatly şertler üpjün edildi. Saglygy goraýyş
hyzmatlaryny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin bu ýerde sanly
ulgamyň, şeýle hem emeli aňyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylar.
Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Halkara pediatriýa merkezi hem döwrebap
merkezleriň biri bolup durýar. Bäş gatdan ybarat, jemi 17 bölümi bolan bu
merkezde 1 müňe golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi.
Halkara pediatriýa merkezi çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin
niýetlenendir. Lukmançylyk hyzmatlary dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş
merkezleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Şoňa görä-de, bu ýerde iň kämil
we öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy.
Döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek,
halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli işleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi hem-de «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk
diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň»
ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm resminamalaryň biridigini aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz geljekde hem, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda,
ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly üns beriljekdigini, döwrebap
saglygy goraýyş edaralaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam
etdiriljekdigini aýtdy.
Ynsan
saglygy ýurdumyzyň iň uly baýlygydyr. Adamyň saglygyny goramak bolsa biziň baş
maksadymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de dabara gatnaşyjylary we
ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy, şonuň ýaly-da,
täze, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen
ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň çykyşy ýörite gurnalan monitorda sanly ulgam arkaly
Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş
dabaralaryna gatnaşyjylara hem görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki
merkeziniň açylyş toý bagyny kesdi. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana
uçuryldy.
Paýtagtymyzda
ulanmaga berlen 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi howply we
howply däl täze döremeleriň öňüni almak, irki döwründe anyklamak, olaryň öňüni
almak hem-de ýöriteleşdirilen döwrebap bejergini geçirmek üçin iň täze
lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş
toplumydyr. Merkeziň düzüminde gaýragoýulmasyz kabul ediş, maslahat beriş,
şöhle we funksional anyklaýyş-radionuklid bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, operasiýa
bölümleri bilen bir hatarda, dermatologiýa, neýrohirurgiýa, kelle we boýun,
çagalar onkologiýasy hem-de onkogematologiýasy, mammologiýa, ginekologiýa,
urologiýa, koloproktologiýa, torakal-hirurgiýa, abdominal, ortopediýa, himiýa
bejeriş we süňk ýiliginiň transplantasiýasy ýaly 20-den gowrak ýöriteleşdirilen
ylmy-kliniki bölümler we barlaghanalar hereket edýär.
Merkezde
hirurgik, şöhle, himiýa, nyşana gönükdirilen (target) we immun bejergileri
halkara standartlara hem-de multidissiplinar lukmanlar toparynyň (Tumor board)
maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar öýjük derejesindäki
madda çalşygyny bahalandyrmaga, täze döremeleri millimetr takyklygynda irki
döwründe ýüze çykarmaga we metastazlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Bejergiler az inwaziw, endoskopik we mikrohirurgik usullarda, şeýle hem şöhle
arkaly we brahiterapiýa usulynda geçirilýär. Merkezde ornaşdyrylan 5G ýokary
tizlikli internet dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen ylmy-amaly maslahatlary
geçirmäge şert döredýär.
Türkmenistanda
ilkinji gezek döredilen süňk ýiliginiň transplantasiýasy ylmy-kliniki bölümi
uly ýaşly näsaglar we çagalar üçin gemopoetik sütün öýjükleriniň
transplantasiýasyny halkara standartlara laýyklykda geçirmek üçin döwrebap
şertler bilen üpjün edilendir. Bölümde ýiti we dowamly leýkozlar, limfomalar,
köp sanly miýeloma, aplastiki anemiýa, miýelodisplastik sindromy, talassemiýa,
agyr immun ýetmezçilikleri we beýleki gematologik hem-de degişli onkologik
keseller boýunça bejergiler geçirilýär. Bölümde autologik we allogen sütün
öýjükleriniň transplantasiýasy, donorlary saýlamak hem-de taýýarlamak, sütün
öýjüklerini ýygnamak we saklamak, transplantasiýadan öňki taýýarlyk hem-de
soňky gözegçilik, şeýle-de dikeldiş işleri alnyp barylýar.
Palliatiw
kömek bölümi hem ýurdumyzda ilkinji gezek döredildi. Bu ýerde keseliň ötüşen
görnüşleri anyklanan hassalara agyryny dolandyrmak, palliatiw himiýa-immuno
bejergileri geçirmek, reanimasion we psihologik goldaw bermek hyzmatlary ýerine
ýetirilýär.
Şeýle
hem merkezde Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen himiýa derman serişdelerini
taýýarlaýyş bölümi hem-de radiofarmasewtika önümçilik bölümi hereket eder. Bu
bolsa derman serişdelerini göni merkeziň özünde öndürmäge we hiline gözegçilik
etmäge mümkinçilik döredýär.
Soňra
hormatly Prezidentimiz binanyň mejlisler zalyna bardy we bu ýerde sanly ulgam
arkaly Stomatologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Sanly
ulgam arkaly göni ýaýlymda Hormatly il ýaşulusy, lukmançylyk ylymlarynyň
kandidaty G.Ataýew döwlet Baştutanymyzdan täze saglyk merkeziniň açylyş
dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna ak pata berdi.
Dabara
gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler. Soňra Stomatologiýa
merkezinde döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.
Aşgabat
şäheriniň binagärlik keşbine ajaýyp bezeg berýän 80 orunlyk täze Stomatologiýa
merkezi döwrebap lukmançylyk enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen
enjamlaşdyrylandyr we ýokary hünärli stomatologik, äň-ýüz, anyklaýyş hem-de
hirurgik kömegi bermek üçin niýetlenendir. Merkeziň düzüminde ýatymlaýyn
kliniki we gatnawly stomatologiýa bölümleri, şol sanda äň-ýüz rekonstruktiw
hirurgik, çagalar hirurgiýasy, implantologiýa, ortopediýa, ortodontiýa,
endodontiýa, terapewtik stomatologiýasy ýaly köp sanly ýöriteleşdirilen
bölümler hereket edýär. Hassalara diňe bir stomatologlar däl, eýsem,
otorinolaringolog, oftalmolog, newrolog, kardiolog we pediatr ýaly ýöriteleşdirilen
ugurlar boýunça hünärmenler hem lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýärler.
Bölümlerde
ornaşdyrylan «akylly» hem-de emeli aň tehnologiýalary uly we kiçi ýaşly
näsaglarda az tygly, çylşyrymly mikro hem-de makrohirurgik amallary, diş
hatarlaryny sazlamagy, protez-implant işlerini ýokary takyklykda geçirmäge şert
döredýär. Şeýle hem merkezde gije-gündiziň dowamynda ilata hyzmat edýän
gaýragoýulmasyz kömek zaly, şok otagy (shock-room), maslahat beriş, şöhle we
funksional anyklaýyş, endoskopiýa, barlaghana hem-de fizioterapiýa bölümleri
ýerleşdirilipdir. Anyklaýyş otaglarynda tüýkülik mäzleriniň kesellerini az
inwaziw usulda bejermek, ýüz we üç şahaly nerwleriň fiziologik ýagdaýyny,
çeýneýiş we mimiki myşsalaryň funksional işjeňligini hem-de dem alyş we ýürek-damar
ulgamynyň görkezijilerini seljermek arkaly agyr patologiýalary irki döwürde
ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilipdir.
Merkeziň
operasiýa otaglarynda sebitde ilkinji bolup robotlaşdyrylan kompýuter
tomografiýasy we awtomatlaşdyrylan nawigasiýa ulgamlary ornaşdyryldy. Emeli aň
esasynda işleýän bu enjamlar operatiw bejergi wagtynda diňe gerek bolan bölege
az mukdarda şöhlelenme gönükdirip, dokumalardaky damarlaryň we nerwleriň
topografik ýerleşişini 3D görnüşde görkezýär. Şeýle hem neýrohirurgik
mikroskoplar arkaly iň kämil amallar howpsuz hem-de ýokary takyklykda ýerine
ýetirilýär.
Bejeriş
otaglaryndaky ultrases we 3D skanerli ulgamlar uly göwrümli maglumatlary gysga
wagtda seljerip, implantlaryň takyk ýerleşişini kesgitleýär. Bu ulgamlar 45 sany
diş tehnigine niýetlenen sanly laboratoriýanyň kompýuter goldawly taslama we
önümçilik toplumlary (CAD/CAM) bilen bitewi torda işläp, sirkoni we kämil
keramika materiallaryndan emeli saýwanlary, winirleri hem-de çylşyrymly
protezleri gysga möhletde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Mundan
başga-da, endodontiýa bölüminde ilkinji gezek ornaşdyrylan, foto we wideo ýazgy
mümkinçilikli sanly stomatologik mikroskoplar bejerginiň ýagdaýy baradaky
maglumatlary hassanyň elektron kartasyna goşmaga we diş kökleriniň ýagdaýyna
takyk baha bermäge şert döredýär. Barlaghana we fizioterapiýa bölümlerinde
bolsa kariýes hem-de parodont howpuny öňünden kesgitleýän, patogenleri
awtomatlaşdyrylan usulda seljerýän hem-de amallardan soňky dikeldiş döwrüni
çaltlandyrýan, agyryny aýyrýan lazer, magnit, elektrobejergi we owkalama
enjamlary ornaşdyrylypdyr.
Soňra
döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş
dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly
il ýaşulusy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory —
wise-prezidenti R.Bazarow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda
ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň
dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly
şertleri döretmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz her bir çaga mähirli garaýyş
bilen howandarlyk edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem munuň
aýdyň güwäsidir.
Halkara
pediatriýa merkezi çagalar lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýaly enjamlary
bilen üpjün edilip, täze innowasion usullaryň esasynda gatnawly we ýatymlaýyn
şertlerde pediatriýa ugry boýunça keseli kesgitlemekde, onuň öňüni almakda we
bejermekde netijeli saglygy goraýyş kömegini guramaga ýardam berer.
Soňra
ýaş nesliň wekilleri hormatly Prezidentimizden Halkara pediatriýa merkeziniň
açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdiler.
Döwlet
Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý
bagyny kesdiler.
Soňra
Halkara pediatriýa merkezi bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Döwrebap
lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi
3 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri bejermek üçin niýetlenendir.
Merkeziň esasy maksady häzirki zaman lukmançylygynyň öňdebaryjy tehnologiýalary
we her bir çaga aýratyn çemeleşmäni utgaşdyrmak arkaly çagalaryň saglygyny
goramakdan hem-de berkitmekden ybaratdyr. Merkeziň işiniň esasy ugurlary
çagalarda döreýän dürli keselleriň öňüni almaga, olary ýokary takyklyk bilen
anyklamaga, döwrebap we netijeli bejergini üpjün etmäge, lukmançylyk taýdan
dikeldiş çärelerini geçirmäge hem-de çagalar we olaryň ene-atalary üçin amatly
gurşawy döretmäge gönükdirilendir.
Merkezde
dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk
enjamlaryndan peýdalanylar. Olaryň aglabasy ýurdumyzda ilkinji gezek
ornaşdyrylandyr. Bu enjamlar keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman
usullaryny giňden ulanmaga, lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga we
çagalaryň saglygy bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine mümkinçilik
berer.
Halkara
pediatriýa merkeziniň düzüminde radiologiýa, funksional anyklaýyş, endoskopiýa,
gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi, kliniki-biohimiki barlaghana hem-de
fizioterapiýa bölümlerini öz içine alýan maslahat beriş-anyklaýyş bölümi, 5
sany döwrebap operasiýa otagyndan ybarat operasiýa we sterilizasiýa bölümi
hem-de anesteziologiýa we intensiw terapiýa bölümi hereket eder. Mundan
başga-da, merkezde her haýsy 20 orunlyk bolan ýatymlaýyn bejergi we anyklaýyş,
hirurgiýa, urologiýa, ortopediýa, kardiorewmatologiýa, umumy endokrinologiýa,
pulmonologiýa we allergologiýa hem-de newrologiýa we epileptologiýa ýaly
ýatymlaýyn bejergi we anyklaýyş bölümleri bar. Şeýle hem merkezde uly maslahat
zaly we naharhana göz öňünde tutulypdyr.
Merkeziň
giň we ýagty zallary ertekileriň gahrymanlarynyň hem-de mähirli haýwanlaryň
şekilleri bilen bezelen. Şeýle hem bu ýerde ilkinji ädimlerinden başlap,
çagalaryň özlerini rahat we ynamly duýmagy üçin ýyly hem-de hoşniýetli gurşaw
döredilendir. Ene-atalar lukmanyň kabul etmegine garaşýan wagty çagalar ýörite
garaşylýan otaglarda ýerleşdirilen oýun meýdançalaryndan, oýunjaklardan
peýdalanyp, wagtlaryny şadyýan geçirip bilerler. Şeýle gurşaw çagalaryň
tolgunmasyny azaltmaga we lukmançylyk merkezinde bolýan wagtyny has ýakymly
geçirmäge ýardam eder.
Soňra
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine halkara şahadatnamalary gowşurmak
dabarasy boldy. Ilki bilen, «ECRI» guramasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we
Afrika sebitlerinde işewürligi ösdürmek boýunça hünärmeni Filip Hodsmana söz
berildi. Ol hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary Halkara onkologiýa
ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerde dünýä
standartlaryna laýyk gelýän onkologiýa tehnologiýalarynyň üstünlikli
ornaşdyrylmagy, şeýle hem lukmançylyk tehnologiýalarynda we innowasiýalarda
halkara standartlara laýyk gelýän öňdebaryjy onkologiýa infrastrukturasynyň
döredilmegi bilen baglylykda, merkeziň tehnologik naýbaşylyga, häzirki zaman
onkologiýa çözgütlerine we onkologik keselleri bejermekde üznüksiz
innowasiýalara ygrarlylygyny ykrar edýän şahadatnamany gowşurdy.
Soňra
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň kliniki
hassahanasynyň III iç keseller bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň
doktory Maýkl fon Bergwelt-Baýldon çykyş edip, şu günki dabara gatnaşmagyň özi
üçin uly hormatdygyny belledi we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan
üstünliklere ýokary baha berdi. Ol Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde
döredilen mümkinçilikleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyp,
Türkmenistanda döwrebap Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň üstünlikli
döredilendigi, onkologik kesellere garşy göreşmekde we lukmançylygyň
ilerlemeginde goşan möhüm goşandy, aýratyn yhlasy üçin şahadatnamanyň
gowşurylýandygyny aýtdy.
Soňra
çykyş eden Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bohum şäherindäki Rur
uniwersitetiniň klinikasynyň neýrohirurgiýa bölüminiň uly lukmany, Oňurga
merkeziniň direktory Malte Wize döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşyjylary
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden
gutlady. Ol merkeziň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesini belläp, onkologiýa
kömegini bermekde gazanan ajaýyp üstünlikleri, öňdebaryjy innowasiýalary hem-de
aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnamany gowşurdy.
Soňra
«German Design Council» guramasynyň hukuk, maliýe we işgärler bölüminiň
wise-prezidenti Martin Hans Lokla söz berildi. Ol hormatly Prezidentimizi we
dabara gatnaşyjylary mübärekläp, şu günki dabara gatnaşmagyň özi üçin uly
hormatdygyny aýtdy we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine «German Design
Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasynyň gowşurylýandygyny
yglan etdi.
Halkara
şahadatnamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň saglygy
goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow çykyş edip, döwlet Baştutanymyza
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär
baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara
pediatriýa we Stomatologiýa merkezlerini açyp berendigi üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
M.Gaýypow
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Türkmenistanyň «Saglyk»
Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak,
adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlanýandygyny,
ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki
zaman enjamlary ornaşdyrylan saglyk öýleriniň, bejeriş-anyklaýyş we
ylmy-kliniki merkezleriň, halkara derejeli hassahanalaryň, sagaldyş-dikeldiş
merkezleriniň we şypahanalaryň halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny
hödürleýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimizden «Saglyk» Döwlet
maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgy
galdyrmagyny haýyş etdi.
Döwlet
Baştutanymyz Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz merkeziň radionuklid anyklaýyş bölüminiň SPEСT/KT
otagyna bardy. Bu ýerde bölümiň lukmany hormatly Prezidentimizi ABŞ-nyň
«General Electric» kompaniýasynyň kompýuter tomografy bilen tanyşdyrdy.
Bellenilişi ýaly, bu enjam ýurdumyzda ilkinji gezek ornaşdyrylýar. Onuň kömegi
bilen bedene gamma şöhleli radiofarmasewtik derman serişdeleri goýberilýär.
Olar onkologik öýjükleriň ýygnanan ojagynda jemlenip, onuň aýdyň şekilini
görkezýär. Bu bolsa keseliň ojagyny tiz ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem bu enjam dokumalardaky kadaly we patologik metabolizm hadysalaryny
tapawutlandyrmaga ýardam berýär. Şol bir wagtyň özünde, kompýuter tomografda
goşmaça kontrastly anyklaýyş barlagy geçirilip, ornaşdyrylan emeli aň ulgamy
netijeleri aýdyňlaşdyrmaga ýardam berýär. Bu bolsa takyk kesel kesgitlemesini
anyklamakda, bejerginiň netijeli we kämil usulyny saýlamakda örän ähmiýetlidir.
Lukman
häzirki zaman dünýä standartlaryna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen
enjamlaşdyrylan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurduryp berendigi
üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza saglygy
goraýyş işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz radionuklid anyklaýyş bölüminiň PET/KT otagynda
döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu ýerde lukman döwlet Baştutanymyza
bölümde ornaşdyrylan «Omni Legent Pozitron emission» tomografiýa enjamy barada
maglumat berdi. Bu enjam ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň iň täze
önümi bolup, ýurdumyzda ilkinji gezek ornaşdyrylandyr. Ol sanly detaksiýaly
gibrid enjamy bolup, özünde iki usulyýeti jemleýär. Enjam pozitron şöhlelenmeli
radiofarmasewtiki derman serişdeleriniň kömegi bilen, bedende täze döreme
ojaklaryny metabolik aýratynlygy boýunça ýüze çykarmaga niýetlenendir. Ol
goşmaça kompýuter tomografiýasynda kontrast ergini bilen barlagy geçirmäge we
ähli netijeleri emeli aňyň kömegi bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu
bolsa onkologik keselleri irki döwürde takyk anyklamakda we daşlaşan ojaklary
tapmakda ýardam edip, bejergini meýilleşdirmekde we netijeliligine baha
bermekde ulanylýar. Şeýle hem enjamyň kömegi bilen beýniniň, ýüregiň
işjeňligini, miokardyň we koronar damarlaryň ýagdaýyny bahalandyryp bolýar.
Lukman
sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek
ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna jogap edip, ulgamyň işgärleriniň yhlasly
zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy hem-de döredilýän giň mümkinçilikler üçin
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz umumy şöhle bejeriş bölüminiň şöhle bejeriş çyzykly
tizleşdiriji (Linaс) otaglarynyň işi bilen tanyşdy. Bölümde ornaşdyrylan
«Varian TrueBeam™ STx 3» ölçegli, ýokary takyklyga eýe radiohirurgiýa ulgamy örän
kiçi, çylşyrymly we bedeniň kyn ýerlerinde ýerleşýän çişlere şöhläni millimetr
takyklykda gönükdirip, bejergi işlerini ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Enjamyň
«HyperArc™» tehnologiýasy beýnide ýerleşýän birnäçe çiş ojagyna bir wagtda
şöhle bejergisini geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu enjam «Identify»
ulgamy bilen üpjün edilip, näsag bejergi wagtynda biygtyýar hereket etse, ulgam
bejergini özbaşdak togtadýar. Bu ýokary takyklykdaky bejerginiň howpsuzlygyny
has-da ýokarlandyrýar. Bu ulgamy döş kapasasynyň we öýkeniň töweregindäki
çişleriň bejergisinde hem ulanyp bolýar. Ulgam şöhle bejergisini dem alşyň
hereketine görä sazlaýar. Netijede, ýüregiň we öýkeniň sagdyn bölekleri
şöhläniň zyýanly täsirinden goralýar. Şöhle bejergisini giň gerimde, howpsuz,
ýokary tizlikde geçirmäge mümkinçilik berýän bu enjam diňe bir ýurdumyzda däl,
eýsem, sebitde ilkinji gezek Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde
ornaşdyrylandyr.
Şöhle
bejeriş bölüminde ABŞ-nyň «Varian» kompaniýasynyň emeli aň bilen üpjün edilen
«ETHOS™» ulgamy hem ornaşdyrylyp, ol döwrebap şöhle bejergisini geçirmek üçin
iň kämil enjamdyr. «ETHOS™» ulgamy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde hem
iň täze bejeriş enjamy bolup, bu tehnologiýanyň Halkara onkologiýa ylmy-kliniki
merkezinde ornaşdyrylmagy ony öňdebaryjy merkezleriň hataryna goşýar. Bu
ulgamyň iň möhüm aýratynlygy bejeriş meýilnamasynyň diňe bejergiden öň alnan
barlaglaryň şekillerine görä däl-de, täze döremäniň şol günki anatomik
ölçeglerine görä uýgunlaşdyryp bilmegidir. Bu ulgamda ornaşdyrylan kompýuter
tomografiýa barlagyndan alnan üç ölçegli şekiller emeli aň arkaly seljerilýär,
çişiň we sagdyn agzalaryň araçäkleri awtomatik usulda kesgitlenýär we bu
mümkinçilikler bejeriş meýilnamasyny taýýarlamak işini çaltlaşdyrýar. Bu ulgam
diňe bir adaptiw şöhle bejergisini däl-de, eýsem, radiohirurgiýa ýaly häzirki
zaman ýokary takyklykdaky bejeriş usullaryny geçirmäge-de mümkinçilik berýär.
Bejerginiň ähli tapgyrlary gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilýär.
Soňra
döwlet Baştutanymyz merkeziň operasiýa bölümine bardy. Bu ýerde lukman hormatly
Prezidentimizi operasiýa bejergisi geçirilýän otaglaryň işi bilen tanyşdyrdy.
Bölüm
iň çylşyrymly operasiýalary geçirmek üçin ähli şertler bilen üpjün edilipdir.
Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek «MicroPort MedBot» kompaniýasynyň
«Toumai» robot enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu ulgam üç sany esasy bölekden durup,
hirurgyň operasiýany dolandyrýan ergonomik iş ýerinden, operasiýany ýerine
ýetirýän dört sany robot elden we ýokary hilli şekilleri berýän şekillendiriş
ulgamyndan ybaratdyr. Enjamyň şekillendiriş ulgamy operasiýa meýdanyny ulaldyp,
dokumalary we gan damarlaryny 3D ölçegli, ýokary takyklykda hem-de hakykylyga
ýakyn aýdyňlykda görkezýär.
Robot adam
eliniň tebigy titremesini doly derejede aýyrýan ýörite programma üpjünçiligine
eýedir. Robot elleriň ujundaky hirurgik enjamlaryň hereketi ynsanyň goşar
hereketiniň çäklerinden geçip, 540 gradusa çenli aýlanyp bilýär. Bu bolsa iň
dar we barmasy kyn bolýan ýerlerde-de takyk hirurgik amallary ýerine ýetirmäge
mümkinçilik berýär.
«Toumai»
innowasion tehnologiýasy ýokary tizlikli internet ulgamynyň utgaşdyrylmagy
arkaly sekundyň müňden biri ýaly ujypsyz wagt gijikmesi bilen uzak aralykdan
operasiýa geçirmäge mümkinçilik berýär. Açyk operasiýa bilen deňeşdirilende,
«Toumai» robot ulgamy bilen has kiçi kesimli, iň az gan ýitgisi, operasiýadan
soň az agyryly amallaryň geçirilmegi näsaglaryň gysga wagtyň içinde öz adaty
durmuşyna we zähmet işjeňligine gaýdyp gelmegi ýaly amatlyklary döredýär.
Şeýle
hem bu ýerde Italiýanyň «Quanta System» kompaniýasynyň «Quanta Litho 100» we
«Fiber Dust» enjamlary ornaşdyrylyp, olar häzirki zaman onkologiýasynda kämil
lazer tehnologiýasydyr. «Quanta Litho 100» ýokary kuwwatly lazer bolup,
urologik hirurgiýada köpugurly çözgüdi hödürleýär. «Fiber Dust» bolsa daşlary
owratmak, täze döremeleriň döwrebap hirurgik bejergisinde ýumşak dokumalary
kesmek, ablasiýa we beýleki takyk hirurgik amallary geçirmek üçin giňden
ulanylýar.
Bölümiň
neýrohirurgiýa otagyndaky Germaniýanyň «BrainLab» kompaniýasynyň «LOOP-X»
enjamy hem sebitde ilkinji gezek Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde
ornaşdyryldy. 6 bogunly, ugruny ähli tarapa üýtgetmek ukyplylygy bolan
robotlaşdyrylan enjamyň takyklygy iň ýokary derejededir. Bu bolsa
neýrohirurgiýada howply täze döremeleri doly aýyrmaga mümkinçilik döredýär.
Germaniýanyň
«ZEISS» kompaniýasynyň «PENTERO» atly mikroskopy bolsa hirurg lukmanyň islegine
görä gözegçiligi mikroskopyň okulýarynda ýa-da berkidilen monitorda operasiýa
meýdanyny 60 essä çenli ulaldylan görnüşde ekzoskopda 3D şekilde görmäge
mümkinçilik döredýär. Bu mikroskopdaky «Depth+» moduly beden agzalarynyň dürli
çuňluklarynda operasiýa geçirmekde, beýnide, oňurga ýiliginde inçe we has takyk
operatiw bejergileri geçirmekde uly ýeňillikleri döredýär.
Lukman
döwrebap lukmançylyk desgasyny gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza we
Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz ambulator himiýa bejeriş bölümine bardy we himiýa
bejergisi geçirilýän otaglaryň işi bilen tanyşdy.
Bölümiň
lukmany döwlet Baştutanymyza bu ýerde döredilen mümkinçilikler barada gürrüň
berdi. Bellenilişi ýaly, bölümde ambulator, ýagny gatnawly şertlerde döwrebap
himiýa, immuno hem-de target bejergileri geçirmäge doly şertler döredilendir. Bölüm
fitobardan başlanyp, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik
eserinde beýan edilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaý
hödürlenilýär. Şeýle hem bölümde himiýa bejergisini alýan näsaglar üçin
ýöriteleşdirilen rahat kürsüler toplumy goýlupdyr. Her bejeriş kürsüsiniň
ýanynda ornaşdyrylan Germaniýanyň “Fresenius Kabi” kompaniýasynyň «Agilia»
kysymly kämil infuzamat enjamlary derman serişdelerini ýokary takyklykda we
mikro-doza mukdarynda awtomatik usulda sazlamak bilen, howpsuz bejergini
geçirmek üçin şertleri döredýär.
Şeýle
hem kliniki monitorlar himiýa bejeriş amallarynyň dowamynda näsaglaryň ýürek
urşuny, gan basyşyny, ganyň kislorod bilen doýgunlygyny we ýaşaýşyň beýleki
möhüm görkezijilerini üznüksiz gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.
Bejeriş alýan döwründe näsaglaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin bejeriş
kürsüleriniň ýanynda ýörite monitorlar hem gurnalypdyr. Bölümde 2 sany ýöriteleşdirilen
intensiw bejeriş otagy bolup, olar emeli dem beriş enjamy, defibrillýator
ulgamy bilen üpjün edilendir.
Lukman
dünýä standartlaryna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan
merkezi sowgat berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz hem, öz gezeginde, lukmanlara işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň
adyndan ajaýyp haly sowgat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine, Stomatologiýa merkezine
hem-de Halkara pediatriýa merkezine awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministri Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize
tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk,
uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa
geçirýän beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Halkara onkologiýa
ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa
merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, halkymyzyň
abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw
etdiler.
Hormatly
Prezidentimiz täze saglygy goraýyş edaralarynyň açylmagy bilen hemmeleri
ýene-de bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw
edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa hem-de Halkara pediatriýa
merkezleri ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa
geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň
güwäsine öwrüldi.
*
* *
Şu
gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen
Stomatologiýa hem-de Halkara pediatriýa merkezlerine halkara şahadatnamalary
gowşurmak dabarasy boldy. Hususan-da, Stomatologiýa merkezine Agyz boşlugynyň
saglygyny goramakda gazanan ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri,
şeýle hem naýbaşylyga bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnama; «German
Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasy; «Döwrebap
stomatologiýada naýbaşylyk» şahadatnamasy gowşuryldy. Halkara pediatriýa
merkezine gowşurylan şahadatnamalaryň hatarynda bolsa Pediatriýada gazanan
ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri, şeýle hem çagalara lukmançylyk
kömegini bermekde naýbaşylyga bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnama;
«German Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasy hem-de
«Ýokary hil we naýbaşylyk» şahadatnamasy bar.