Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerini Türkmenistanda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy diýip, atlandyrmak bolar. Ählihalk forumynda döwlet gurluşynyň ösüşini we häsiýetlerini kesgitleýän möhüm çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanuny dünýäniň habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin halkara mediýa bileleşiginiň hem-de metbugat wekilleriniň ünsi geçen hepdäniň wakasyna gönükdirdi.
Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçişini Arkalaşygyň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleri hem-de türkmen elektron neşirleri – tele we radioýaýlymlary, resmi we garaşsyz saýtlar işjeň beýan etdiler.