Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda ir säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklaryny ýerine ýetirdi we welosipedde gezelenç etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenjiniň dowamynda, hemişe bolşy ýaly, beden taýdan taplygyny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenji Hazaryň kenaryndaky ajaýyp künjekde ýerleşýän gämi duralgasynyň ýanynda tamamlady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ygtyýaryna gelip gowşan “Rahat” atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermek çäresine gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin niýetlenendir. Gäminiň umumy uzynlygy 33 metrden gowrakdyr.
Täze gäminiň serkerdesi döwlet Baştutanymyza “Rahat” atly ýokary tizlikli, ähli amatlyklary bolan ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşe taýýardygy barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ilkinji ýüzüşe ak pata bermegini haýyş etdi.
Milli Liderimiz egindeşleri bilen ak guwa çalymdaş ak gämä mündi. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen “Rahat” atly gämi gojaman Hazaryň giňişligi boýunça ýüzüşe badalga aldy.
Milli Liderimiz hoşlaşanda, “Rahat” gämisiniň serkerdesine we ekipažyň ähli agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.