28-nji noýabrda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň
çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan
Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» atly derejäni
bermek dabarasy boldy.
Maslahatlar zalynyň eýwanynda döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki Türkmenistan we halkymyzyň taryhy-medeni
mirasy barada gürrüň berýän hem-de özbek diline terjime edilen «Bagtyýarlyk —
saglykdan başlanýar», «Çaý — melhem hem ylham», «Medeniýet halkyň kalbydyr»,
«Janly rowaýat» atly kitaplaryndan düzülen sergi guraldy.
Bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylaryň hatarynda
özbek tarapyndan resmi adamlar, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary,
iki ýurduň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, goňşy döwletiň ýokary okuw
mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlar bar. Dostlukly ýurtlaryň
Baştutanlary özleri üçin niýetlenen ýere geçýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ylmy toparlaryň arasynda ägirt uly abraýa eýe bolan alym, birnäçe düýpli täzeçil gözleglere esaslanýan hem-de häzirki zaman saglygy goraýyş, derman senagaty ulgamynyň, ykdysadyýetiň, binagärligiň we beýleki pudaklaýyn bilimleriň ösdürilmegine, şeýle hem Merkezi Aziýanyň baý tebigatynyň öwrenilmegine bagyşlanan düýpli ylmy işleriň awtory bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň agzalarynyň «Hormatly akademigi» diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüdi kabul edendigi barada aýdyldy.