Düýn – 14-nji martda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň
wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin
döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan
bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Duşuşygyň barşynda oba hojalygy
pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine-de üns çekildi. Şunda Türkmenistanyň
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy hem-de
ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça degişli edaralar bilen
hyzmatdaşlygyny goldaýandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň banklarynyň we hususy pudagynyň bu iri maliýe düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.