Düýn – 9-njy maýda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk
urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly
myhman hökmünde gatnaşdy.
Bellenilen wagtda
hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady. Kremlden
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak
üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar – wekiliýetleriň
ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine – Gyzyl
meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady.
Harby ýöriş
tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow
bagyna baryp, Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýdular. Hormatly
Prezidentimiz Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary
hatyralap, Baky oda gyzyl gülleri goýdy.
Bu baýram biziň
hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin
ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki
wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde
parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň
ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris.