Düýn – 17-nji maýda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy
Igor Bukatony kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz we rus
kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan
köpugurly mümkinçilikleri, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli
şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de
ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda,
«Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzda birnäçe
wajyp düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz «Magtymguly
Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde rejeleýiş we dizaýner işlerini
ýerine ýetiren «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň goşandyny belledi. Hormatly
Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, Aşgabadyň günorta bölegindäki
Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän seýilgäh toplumynyň baş
şäherimiziň täze, ajaýyp desgalarynyň birine hem-de şäher ýaşaýjylarynyň, şol
sanda döredijilik işgärleriniň dynç alýan merkezine öwrüljekdigine ynam
bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda işewür netijeli,
anyk, işjeň söhbetdeşlik hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň özüne bildirilýän
ynama buýsanýandygyny bellemek bilen, geljekde-de öz üstüne alan
borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.