Düýn – 4-nji aprelde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň
Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ
bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň
ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda
amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, «Boeing», «General
Electric», «John Deere», «Case New Holland» ýaly iri kompaniýalaryň
Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny
aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we işewürler geňeşiniň anyk
tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.
Işewür bildirilen ynam we
many-mazmunly söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan
edip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny
pugtalandyrmaga we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine
gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň
Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan
edip, köpýyllyk oňyn tejribä daýanýan ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda okgunly
ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.