Düýn – 26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan köpasyrlyk dost-doganlygyň häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady.