Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa
merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu merkez diňe bir sebitde däl,
eýsem, dünýä derejesinde öňdebaryjy innowasion sanly lukmançylyk we emeli aň
tehnologiýalaryny özünde jemläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny
has-da berkitmäge goşant goşar.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda
gurluşygy dowam edýän Stomatologiýa merkezine geldi. Türkmenistanyň saglygy
goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryndan ugur alyp,
Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol öňde
goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde merkeziň gurluşy, onuň
gurluşygynda ulanylan dürli serişdeler, şol sanda bezeg işleri, bu ýerde
ornaşdyrylan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary barada giňişleýin maglumat
berdi.
Mälim bolşy ýaly, merkeziň gurluşyk işlerine Milli
Liderimiz tarapyndan ak pata berlipdi. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyklar tamamlaýjy
tapgyrda dowam edýär. Täze Stomatologiýa merkezi islendik ýaşdaky raýatlara
stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge
niýetlenendir. Onda lukmançylyk işlerini dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen
hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň
hemaýat-goldawlary esasynda bu ýerde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Şeýle hem
merkezde işlejek ökde hünärmenleri seçip-saýlap almak işleri alnyp barylýar.
Merkez maddy-tehniki binýady, häzirki zaman anyklaýyş mümkinçilikleri bilen
tapawutlanyp, stomatologik, bedeniň äň-ýüz böleginiň kesellerini, şikeslerini
anyklamak, öňüni almak we döwrebap bejermek üçin niýetlenendir. Merkez
dolandyryş ulgamyndan, ýatymlaýyn we gatnawly kliniki bölümlerden,
hojalyk-tehniki, elektron barlaghana toplumlaryndan ybarat bolup, ýüz tutýan
raýatlaryň elektron resminama dolanyşygy arkaly sanly maglumatlary ýöredilip,
ol ýöriteleşdirilen monitoring maksatnamalary arkaly dolandyrylar.
Hasabatyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy önüm
öndürijileriniň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan merkeziň bölümleri barada
durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde kabul ediş otaglary, şol sanda
gaýragoýulmasyz kabul ediş bölümi bolup, operasiýa, gije-gündiz işleýän
stomatologiýa bejeriş otaglary bilen üpjün edilendir. Şeýle-de şöhle bilen
anyklaýyş, endoskopiýa, kliniki barlaghana, funksional anyklaýyş, birnäçe
operasiýa otagly operasiýa we sterilizasiýa, anesteziologiýa, reanimasiýa,
fizioterapiýa bölümleri, dermanhana otaglary bar. Döwrebap enjamlar toplumy
emeli aňyň kömegi arkaly maglumatlara gaýtadan seljerme geçirip, äň-ýüz
böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde, rekonstruktiw hirurgiki
amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow
şeýle döwrebap tehnologiýaly täze Stomatologiýa merkezini gurduryp berendigi
hem-de merkezde sanly ulgama esaslanýan innowasion mümkinçilikleriň
döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň gününiň ýakynlaşyp gelýändigini aýdyp, Stomatologiýa merkezini
olaryň hünär baýramçylygy mynasybetli açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede
taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz desganyň
daş-töwereginiň gök zolaklar bilen gurşalyp alynmagynyň zerurdygyny nygtady.
Munuň özi ekologik nukdaýnazardan örän wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz täze desgada oturdylan döwrebap
enjamlaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmat etmegini gazanmak üçin enjamlar
ulanylanda, olardan ussatlyk bilen baş alyp çykýan hünärmenleriň bolmalydygyny
tabşyrdy. “Hünärmenler her bir enjamyň mümkinçiliklerinden doly
peýdalanmalydyrlar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Şoňa görä,
hormatly Prezidentimiz merkezi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek
üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
bilen utgaşykly işlemelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz her bir enjamyň emeli aňyň
mümkinçiliklerini halka hödürlemelidigini aýdyp, sanly ulgam arkaly keseli
dessin anyklamak mümkinçiliginden peýdalanmagy tabşyrdy. “Merkeziň bir wagtyň
özünde birnäçe adamy kabul edip bilýändiginden ugur alyp, ýüz tutjak raýatlaryň
tiz kabul edilmegini gazanmak zerurdyr. Şunda lukmanlaryň maslahat beriş ukyby
hem ýokary derejede bolmalydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň
bölümlerine aýlanyp, anyklaýyş bölüminiň mümkinçilikleri, bu ýerde ornaşdyrylan
lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri
tarapyndan öndürilen häzirki zaman tehnologik enjamlary arkaly bu ýerde keselleri
tiz we takyk anyklap bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
enjamlaryň her biriniň aýratynlyklaryndan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz bejeriş bölümine bardy. Bu
ýerde ähli işler multimedialaşdyrylan kompýuterler arkaly dolandyrylýar.
Döredilen şertler operasiýa wagty monitorlaryň üsti bilen beýleki degişli
bölümler bilen onlaýn usulda habarlaşyp iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Ýüz
tutan raýatyň keseli baradaky maglumatlar dessin göni alşylýar. Başga bir
monitor bolsa otagyň howasynyň kadaly derejede saklanmagyny awtomatik usulda
sazlaýar. Şeýle hem monitorlar arkaly näsag baradaky ähli maglumatlar elýeterli
bolýar. Sanly ulgamda işleýän stomatologik mikroskoplar we ulgamlar dişleriň
tebigy durkunyň, kökleriniň bozulmalaryny häzirki zaman usullarynda bejermekde
hem-de gaýraüzülmeleriň öňüni almakda giňden ulanylýar. Ulgamyň döwrebap
stomatologik gurnamalar bilen arabaglanyşykda bolmagy bejerginiň
netijeliliginiň ýokary bolmagyny üpjün eder.
Stomatologiýa merkezinde ornaşdyrylan, özünde
innowasion sanly ulgamlary we emeli aň tehnologiýalaryny jemleýän lukmançylyk
enjamlary arkaly çagalarda, uly ýaşly näsaglarda agyrylary howpsuz aýyrmak,
dişleri sogurmak, petiklemek, agyz boşlugynyň, kentlewügiň kesellerini irki
döwürde anyklamak, öz wagtynda netijeli bejermek, emeli diş goýmak, implantlary
ornaşdyrmak, diş hatarlaryny göneltmek, bedeniň äň-ýüz böleginde ýüze çykyp
biljek dürli agyrylary irki döwürde takyk anyklamak we dikeldiş hirurgiki
bejergileri amala aşyrmak, diş protezleriniň reňklerini näsagyň öz dişlerine
mahsus bolan tebigy reňkine gabatlap, gysga wagtda taýýarlamak hem-de oturtmak
boýunça lukmançylyk amallaryny gysga wagtyň dowamynda, ýokary hil derejesinde
amala aşyrmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde döredilen tehnologik
mümkinçilikleri emeli aňyň üsti bilen oýlanyşykly, dogry we dürs ulanmagy
tabşyrdy. Şunda ýörite monitorlar arkaly ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş
edaralaryndaky maglumatlar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
aragatnaşygyň üpjün edilmegi möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz ýatymlaýyn otagda döredilen
mümkinçilikler bilen hem tanyşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz näsagyň bejergi
almagy bilen baglylykda, operasiýadan öň we soň özüni örän oňaýly hem-de rahat
duýmagynyň wajypdygy barada aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz implantologiýa bölümine-de
baryp gördi. Bölümdäki bejeriş otaglarynda ornaşdyrylan häzirki zaman sanly
tehnologiýalary, 3D skanerli ulgamlardaky emeli aňyň esasy aýratynlyklary uly
göwrümli maglumatlara gysga wagtda seljerme geçirip, näsagyň äňinde goýuljak
implantlaryň ýerleşişi, burçlary, biri-birine bolan aralygy ýokary derejede
takyk ölçemäge mümkinçilik berip, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini
ýokarlandyrýar. 3D skaner enjamlary sanly ulgamda işleýän ýokary çözgütli we
takyk şekilleri almaga niýetlenendir.
Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan diş tehnikleriniň
barlaghanasy 45 tehnige niýetlenip, intellektual dolandyrylýan döwrebap
kompýuter goldawly taslama we önümçilik (CAD/CAM) toplumlary, awtomatik 3D
nusgalary çap ediş hem-de arassalama enjamlary bilen üpjün edilendir. Onuň
esasy aýratynlygy toplumlarda “akylly” emeli aň ulgamynyň bolmagy bilen,
garaşylmaýan ýalňyşlyklary aradan aýyrmakdan we takyklygy üpjün etmekden,
taslamalary sanly, awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrmakdan, ýokary hilli
serişdeleri giňden ulanmakdan; implantyň üstüne berkidilýän çylşyrymly
protezleri gysga möhletde taýýarlamakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz
bölümiň aýratynlyklary bilen tanşyp, bu ýerde oturdylan kämil enjamlaryň
mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyny tamamlap,
bu desgany Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli
dabaraly açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada
tabşyryklary berdi. “Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän
ýylynda şeýle döwrebap lukmançylyk desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi milli
saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge uly goşant bolar” diýip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz desgany öz wagtynda hem-de ýokary hil derejesinde ulanmaga bermek üçin öňde durýan işlere örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy we bu ýerden ugrady.