22-nji fewralda Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda
gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz
Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen geldi.
Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Bahreýniň
Patyşasynyň «Al Gudaýbiýýa» köşgüne ugrady. Hormatly Prezidentimiz we Bahreýniň Patyşasy iki ýurduň resmi
wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Soňra «Al Gudaýbiýýa» köşgünde ýokary derejedäki
ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen
gepleşikleriň dowamynda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ähli ugurlar boýunça
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Iki döwletiň
Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip,
Türkmenistanyň we Bahreýniň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky
dostlugy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky
hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy
birek-birege ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar. Soňra gepleşikler giňişleýin
düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Duşuşygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň
gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň
jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.
Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa iki ýurduň arasyndaky
dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy,
sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy
pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygynyň ýokary
sylagyna — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine
mynasyp bolandygyny habar berdi.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasynyň «Safiriýýa» köşgüne ugrady. Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli
garşylady.
«Safiriýýa» köşgünde geçirilen söhbetdeşligiň
barşynda iki döwletiň Baştutanlary şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeli
häsiýete eýe bolandygyny hem-de olaryň anyk maksatlara ýetmäge
gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň türkmen-bahreýn
gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä
çykarmaga meýillidiklerini tassykladylar.