milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky çykyşynda sözlän sözlerinden
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky çykyşynda sözlän sözlerinden
27.10.2023 749 Habarlar

– Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalary Türkmenistanda kiçi, orta we iri ýüzlerçe taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biz agzalan taslamalary, aýratyn-da, döwrebap «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek «Aşgabat-siti» konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrýarys.

– Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýar.

– Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr.

– Senagat pudagynyň ösüşi we önümçilik kooperasiýasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan bir bölegi bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça degişli işler geçirilýär.

– Umuman, türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu günki duşuşykda öňümizde duran uly wezipeler we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri barada maslahat edýäris. Biz iki tarap üçin hem bähbitli bolan netijeli pikirleridir teklipleri hoşallyk bilen kabul etmäge taýýardyrys. Ýurtlarymyzyň, hususan-da, işewür toparlarymyzyň bu meselelere tagalla bilen çemeleşjekdiklerine ynanýaryn.