4-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň
kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy,
şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen “Awaza”
köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz türgenleşik
enjamlarynda maşklary ýerine ýetirip, ýokary ussatlyk derejesini görkezdi.