1-nji awgustda
zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap “Rowaç” kottejler
toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi.
Bu taslama
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan “Sabyrly maşgala”
hususy kärhanasy hem-de “Güneşli deňiz”, “Kent gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri
tarapyndan amala aşyryldy. Gurluşygy üçin 10 gektar ýer bölünip berlen
toplumyň abadanlaşdyrylan çäginde ähli amatlyklary bolan 48 sany 2 gatly
kottejler, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, ýüzmek üçin açyk howuz
ýerleşýär.