10-njy maýda irden hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar
ugratdylar.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we
beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet
Baştutanymyza gül dessesi gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni «Kasri Millat»
köşgüne gelýär. Köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi
garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli mübärekleýär.
Prezident Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy «Kasri Millat» köşgüne geçmäge çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň
Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, ikiçäk
görnüşde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.
Ynanyşykly we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp
maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, onuň esasy
ugurlary kesgitlenildi. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň bar bolan uly
kuwwaty, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara
almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy we
diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem
taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm
meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistan
Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen
düzümde dowam etdi.
Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki
döwletiň Baştutanlary göni aragatnaşyk arkaly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon
welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly
adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna
gatnaşdylar.
Dabara tamamlanandan soňra, «Kasri Millat» köşgünde
ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar
Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň
arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra,
döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine
ýüzlenme bilen çykyş etdiler.