milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
19.03.2024 452 Habarlar

Düýn – 18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişine girişmek we ekiş möwsümini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň – gowaça ekişiniň ýetip gelendigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda 27-nji martda başlanjak bu möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy.