milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
05.03.2024 466 Habarlar

Düýn – 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine-de taýýarlyk görülýär.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly, bökdençsiz geçirilmeginiň, ekiş we ideg işlerinde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.