Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti
Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň
doganlyk halkyna milli baýram – Pakistanyň güni mynasybetli mähirli
gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz
hatynda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky
gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we mazmun taýdan
baýlaşdyrylýandygyny belläp, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de ösdürilmegine, täze sepgitlere ýetirilmegine ygrarlydygyny beýan
etdi. «Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ýola
goýlan doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris» diýip, hormatly
Prezidentimiz nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de netijeli
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine
ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz
şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr
Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.