Düýn – 16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen
Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat)
Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary
kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihal Mlynary mähirli
mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp
maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary
bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň
esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň
derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly,
ýurdumyzda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça
amala aşyrylan çäreler hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen
Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji
direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynar birek-birege
hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky
ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli
hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.