Düýn – 13-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Leonardo S.p.A.» italýan
kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.
Işewür wagt tapyp
kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Italiýanyň işewür toparlarynyň oňyn
Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän
hem-de dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, taslamalaryny
amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge
gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti
Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, «Leonardo
S.p.A.» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan
beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň we meşhur italýan kompaniýasynyň işewür gatnaşyklary uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.