Düýn – 18-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw
geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul
etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola
goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň halklarynyň bähbidine
yzygiderli ösdürilýän bu gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. Döwlet
Baştutanymyz geçen ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň dowamynda Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular
bilen ýatlaýandygyny aýdyp, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini
nygtady.
Hanym Şen Ýueýue bu
çäräniň türkmen hem-de hytaý zenanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakda, iki dostlukly halkyň ruhy gymmatlyklary bilen tanyşmakda,
halklary parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine has-da ýakynlaşdyrmakda,
medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm
ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.