Düýn – 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem-de bosgunlaryň hukuklaryny goramakda alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji saýlanan ýeke-täk döwlet bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklap, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.