Düýn – 14-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň
ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz
myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki
saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky
hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz
medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup
durýandygyny belläp, Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere
ýokary baha berdi.
Belläp geçsek, Neda
Bergeriň 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky başlangyjy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň
Bitaraplygynyň 70 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr.
Duşuşygyň dowamynda
Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralýan medeni çäreleriň
möhümdigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda VI Wena balyny
geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman pursatdan
peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny beýik
türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar bilen gutlady.