Hormatly Prezidentimiz Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän
sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylmagy
mynasybetli Gutlag iberdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda bellenilişi
ýaly, eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryş halkara sport
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrmaga,
Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportuň
milli we guşakly alyş göreşi boýunça türgenleriň ussatlygyny we tejribelerini
artdyrmaga uly goşant goşar.