milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze taslamalar we birnäçe degalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze taslamalar we birnäçe degalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
27.08.2020 505 Habarlar

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini ösdürmegiň köpasyrlyk däplerini dowam etmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler bilen gyzyklandy.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça taýýarlanan birnäçe taslamalary görkezdi.

Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda döredilýän täze dynç alyş zolagynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda anyk maglumat berýän taslamalaryň taýýarlanandygy we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş saparyny dowam edip, Aşgabadyň günorta böleginde bina edilýän Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Bu ýerde desganyň potratçysy bolup durýan “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekili bu möhüm täze gurluşykdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň garamagyna otaglaryň bezeg işleriniň taslamalary hödürlenildi.

Soňra milli Liderimiz şäheriň merkezine tarap ugrady. Bu ýerde S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatgyrynda ýerasty awtomobil geçelgesi hem-de pyýada geçelgeleri, şeýle hem çatrygyň merkezinde özboluşly desga bilen birlikde iki gatly ýol aýrytynyň gurluşygy alnyp barylýar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz täze “Diwan” myhmanhanasynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ýolugruna paýtagtymyzyň bu künjeginde arassaçylyk ýagdaýynyň göwnejaý derejede saklanylmagyna, bu ýerde ýerleşen binalaryň daşky bezeg aýratynlyklaryna üns çekdi.