21-nji
iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsüminiň
dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu
pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.
Alabaý
itleriniň dag-derelerde gezelenç etdirilmegi olaryň tohumlyk häsiýetleriniň
has-da berkemegine ýardam berýändigini türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän
durmuş tejribesi subut etdi.
Edermen
türkmen alabaýlary ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen bir hatarda türkmen
halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
2019-njy
ýylyň sentýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrabynyň çäginde ilkinji ýöriteleşdirilen merkeziň açylmagy alabaý
itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we
ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny üpjün etmek meselelerine häzirki
döwürde möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.
Bu waka
hormatly Prezidentimiziň ajaýyp alabaý itleriniň halkymyzyň durmuşynda we
ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýän «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň
çapdan çykmagyna gabat geldi.