31-nji martda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň
institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri hem-de
amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy.
Ir bilen
döwlet Baştutanymyz institutyň baş binasyna geldi. Institutyň merkezi
girelgesinde içeri işler ministri M.Çakyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysyna institutda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz institutyň işi bilen tanyşlygyny sport zallary synlamakdan
başlady, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, şeýle hem talyplaryň sportuň dürli
görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Döwlet
Baştutanymyz «Galkan» gyş sport merkezine bardy, bu ýerde Içeri işler
ministrliginiň «Galkan» we ministrligiň garamagyndaky institutyň «Nesil» hokkeý
toparlary türgenleşýärler. Merkezde milli, şeýle hem halkara derejelerinde
ýaryşlara taýýarlanmak üçin ähli şertler döredilipdir. Bu merkez hokkeý oýnamak
üçin niýetlenendir we milli Liderimiziň başlangyjy hem-de tagallalary
netijesinde guruldy.
Hokkeýçiler
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşyladylar. Ýaragly
Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hokkeýçiler bilen söhbetdeş bolup, olaryň
türgenleşikleri, talyp ýaşlaryň okuwlary we umuman bu ýerde döredilen şertler
bilen gyzyklandy.
Türgenler
milli Liderimize türgenleşik geçmek hem-de sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda
döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyz toparlaryň türgenleşiklerini synlap, hokkeýçilere täze
ýeňişleri arzuw etdi hem-de olara sport egin-eşiklerini sowgat berdi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bar bolan we ýurdumyzyň Içeri
işler ministrliginiň düzümlerine täze gelip gowşan ýörite tehnikalar, häzirki
zaman ýaraglary hem-de enjamlar bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen atyşhana zalyna
baryp, bu ýerde bar bolan häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň
häsiýetnamalary bilen tanyşdy we nyşana ok atdy. Milli Liderimiziň atan
oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi hormatly Prezidentimiziň ýokary
ussatlygynyň ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdigini alamatlandyrdy.
Ok atmagy
tamamlap, milli Liderimiz atylan oklaryň nyşana degendigini görkezýän şekili
içeri işler ministri M.Çakyýewe gowşurdy. Ministr ony hoşallyk bilen kabul edip,
bu maglumatyň ministrligiň muzeýinde möhüm orun eýelejekdigini, şeýle hem onuň
ýaşlary uly üstünliklere ruhlandyrýan gymmatlyga öwrüljekdigini habar berdi.
Soňra
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Içeri işler ministrliginiň
institutyna önümçiligi Türkmenistanda ýola goýlan «Agzybirlik tilsimaty»
kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow institut bilen tanyşlygyny tamamlap, hemmelere öňde durýan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.